Germaniýa Federatiw Respublikasynda şu ýylyň ahyryna çenli Sibiriň Kuznesk käninden barýan kömür bilen işleýän 11 sany elektrik bekedini ýapmak meýilleşdirilýär. 4,8 GW elektrik energiýasyny öndürýän kömür beketleriniň ýapylmagynyň esasy sebäbi olaryň daşky gurşawa ýetirýän zyýany bilen düşündirilýär.

Bu karar dünýäniň iň iri kömür ýataklarynyň biri bolan Kuznesk daş kömür käniniň ykdysadyýetine ýaramaz täsir eder. Çünki Günbatar Sibiriň iri daş kömür känleri Germaniýanyň ýapylýan ýylylyk elektrik beketlerini dolulygyna diýen ýaly üpjün edýärdi. Indi Russiýanyň günbatar sebitinden Germaniýa kömür daşaýan demir ýollar hem zyýan çeker. Şu ýylyň iýul aýynda Germaniýada kabul edilen bu kanun kömür bilen işleýän elektrik beketleriniň ýapylmagynyň soňky möhletini kesgitledi.

Germaniýa özündäki kömür känlerini ýapyp, diňe täzelenýän energiýa çeşmelerine bil baglaýar. Hut şonuň alamaty hökmünde hem şahtaçylar 2018-nji ýylda iň soňky goparylan kömür bölegini GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere gowşurypdylar. Germaniýada kömür gazyp almak bes edilenden soňra, kömri diňe import edýärdi. Şol ýyl Russiýadan Germaniýa import edilýän kömrüň paýy 38 göterime deňdigi habar berlipdi.