Formula 1 boýunça geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşýan sürüjileriň alýan haklary mälim edildi. “Business Book GP” neşiri bu barada habar berýär. F1-de iň köp hak alýan sürüji soňky 5 ýylyň çempiony, “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton bolup, oňa ýyllyk 47 million ýewro tölenýär. Ol bu görkeziji bilen dünýäniň hem iň köp hak alýan türgenleriniň biridir. Sanawda “Ferrari” toparynyň nemes piloty Sebastian Wettel 2-nji ýeri eýeleýär. Geljek möwsümde “Renault” toparynda çykyş etjek Wettel her ýylda 35 million ýewro hak alýar. Bu ugurda 20 million ýewro bilen “Renault” toparynyň awstraliýaly sürüjisi Daniel Rikkiardo 3-nji orunda barýar.
Antonio Jowinazzi (“Alfa Romeo”) – 500 müň ýewro
Nikolas Latifi (“Williams”) – 750 müň ýewro
Jorj Rassel (“Williams”) – 750 müň ýewro
Daniil Kwýat (“AlphaTauri”) – 750 müň ýewro
Pier Gasli (“AlphaTauri”) – 1 million ýewro
Lans Stroll (“Racing Point”) – 1,5 million ýewro
Lando Norris (“McLaren”) – 1,5 million ýewro
Aleks Albon (“Red Bull Racing”) – 2 million ýewro
Kewin Magnussen (“Haas”) – 2 million ýewro
Roman Grožan (“Haas”) – 2 million ýewro
Esteban Okon (“Renault”) – 2 million ýewro
Serhio Perez (“Racing Point”) – 4 million ýewro
Karlos Sains kiçisi (“McLaren”) – 4,5 million ýewro
Kimi Raikkonen (“Alfa Romeo”) – 6 million ýewro
Şarl Lekler (“Ferrari”) – 9 million ýewro
Waltteri Bottas (“Mercedes”) – 9 million ýewro
Maks Werstappen (“Red Bull Racing”) – 16 million ýewro
Daniel Rikkiardo (“Renault”) – 20 million ýewro
Sebastian Wettel (“Ferrari”) – 35 million ýewro
Lýwus Hamilton (“Mercedes”) – 47 million ýewro