Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk şanly toýy mynasybetli baýramçylyk çäreleri giň gerime eýe bolýar. Ine, şeýle ajaýyp günlerde Bitaraplygymyzyň bagtyna guwanyp ýaşaýan döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ähli halkymyza baýramçylyk sowgady gelip gowuşdy. Bu baýramçylyk sowgady ähli halkymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Hormatly Prezidentimiz golaýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde ýene-de bir kitabyny ýazyp gutarandygyny aýtmak bilen täze eserini «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip atlandyrmagy, üstümizdäki ýylyň baýramçylyk dabaralarynyň şan-şöhratyny arşa galdyrdy.
Milli Liderimiz mejlisde eden çykyşynda 1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunyň kabul edilmegi Garaşsyz ýurdumyz üçin saýlap alan ösüş ýolumyzy kesgitledi. Biz ony «hemişelik Bitaraplyk» diýip atlandyrdyk diýip, nygtady.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk, özygtyýarlygyny, çäkleriniň bitewüligini hormatlamak ýaly, milli aýratynlygymyzyň ajaýyp taraplaryny öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilýär. Häzirki döwürde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýäniň ähli döwletleri bilen özara bähbitli, parahatçylyksöýüjilikli we dostlukly gatnaşyklarymyzy ösdürýäris. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde ykdysadyýetimiz pugtalanyp, ýurdumyzyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi belende galýar.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň milli baýlygy hem-de buýsanjy hasaplanýan Bitaraplygymyzyň syýasy, ykdysady ähmiýetini, onuň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açyp görkezýän bu kitaby dünýä jemgyýetçiligi üçin hem gymmatly esere öwrüljekdigi ikuçsuzdyr. Çünki, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen ilkinji ýurt biziň ata Watanymyzdyr. Şonuň üçin ýurdumyz bilen ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýän döwletleriň, kompaniýalaryň, taraplaryň köpdügini bellemek bolar. Olar ýurdumyzyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyksöýüjilik syýasatymyza aýratyn gadyr goýup, dünýä möçberindäki başlangyçlarymyzy ykrar edýärler.
Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bu gymmatly eseriň, ýagny hormatly Prezidentimiziň ozalky uly ähmiýete eýe bolan eserleriniň üstüni ýetiren bu kitabynyň tanyşdyrylyş çäreleri geçirilýär, şol çärelerde edilýän çykyşlarda kitapda halkara we milli derejede gol çekilen Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna degişli esasy resminamalaryň getirilýändigi bellenilýär. Bu neşiriň sahypalarynda Diýarymyzyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigini hem-de onuň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda ösüşiniň tapgyrlaryna düýpli seljerme berilýändigini bellemek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözgüdine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary aýratyn uly ähmiýete eýedir. Kitapda anyk mysallarda Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň dünýäniň döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ýola goýmaga kömek edýändigini görmek bolýar.
Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň täze eserinde Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýurdumyzyň durmuş ugurly ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekdäki ähmiýeti beýan edilýär. Bitaraplyk hukuk ýagdaýy türkmen halkynyň bagtyýar, parahat, abadan we asuda durmuşyny üpjün etdi.
Beghan ANNASÄHEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.