Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Amsterdamda geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdylar

7

9-10-njy iýunda Niderlandlar Patyşalygynyň Amsterdam şäherinde «Identity Week Europe 2026» atly halkara sergi we maslahat geçirildi.

Halkara maslahata birnäçe daşary ýurt döwletleriň we sebit guramalaryň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.
Serginiň dowamynda maslahata gatnaşyjylar biometriki resminamalary, sanly identifikasiýa we howpsuzyk ulgamlaryny öndüriji dünýä belli kompaniýalarynyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Taraplar maslahatyň barşynda migrasiýa ulgamynda ýokary tehnologiýaly innowasion usullary giňden ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtadylar.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar abraýly halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary giňeltmekde we işiň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde halkara maslahatlary yzygiderli geçirmegiň ähmiýetiniň uludygyny bellediler.