G20 döwletleriniň sammiti 2021-nji ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Italiýanyň paýtagty Rimde geçiriler. Bu barada Italiýanyň Premýer-ministri Juzeppe Konte «Uly ýigrimiligiň» başlyklygynyň Saud Arabystanyndan Rime geçmegi bilen gutlap mälim etdi.
Premýer-ministr durnukly we adalatly ösüşi üpjün etmegi, daşky gurşawy goramagy we saglyk bilen baglanyşykly täze howplara garşy durmagy ileri tutýan ykdysady taýdan ösen we ösýän G20 toparynda öz ýurdunyň başlyklygynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belläp, bu ugurda esasy wezipeleriň birnäçesini beýan etdi.
Rimdäki «Palasso Kiji» hökümet köşgüniň metbugat gullugy «Uly ýigrimiligiň» ministrler derejesindäki ýygnaklarynyň gün tertibini mälim etdi. Bu ýygnaklaryň ilkinjisi geljek ýylyň 3-4-nji maýynda Rimde medeniýet we syýahatçylyk ministrleriniň gatnaşmagynda guralar. Daşary işler ministrleriniň duşuşygyny 28-30-njy iýunda Materada, ykdysadyýet ministrleriniň duşuşygyny 9-10-njy iýulda Wenesiýada, daşky gurşaw we energiýa ministrleriniň duşuşygyny 22-23-nji iýulda Neapolda, saglygy goraýyş ministrleriniň duşuşygyny 5-6-njy sentýabrda Rimde, oba hojalyk ministrleriniň duşuşygyny 19-20-nji sentýabrda Florensiýada geçirmek meýilleşdirilýär. Bu syýasy çäreleriň ählisiniň ýüzbe-ýüz ýagdaýda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
«Uly ýigrimiligiň» düzümine Awstraliýa, Argentina, Braziliýa, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Hindistan, Indoneziýa, Italiýa, Kanada, Hytaý, Meksika, Russiýa, Saud Arabystany, ABŞ, Türkiýe, Fransiýa, Günorta Koreýa, Günorta Afrika Respublikasy, Ýaponiýa we Ýewropa Bileleşigi ýaly ykdysadyýeti has ösen we ösýän ýurtlar girýär.
G20 topary dünýäniň jemi içerki önüminiň 85 göterimini, dünýä söwdasynyň 75 göterimini, şeýle hem dünýä ilatynyň üçden iki bölegini emele getirýär. 1999-njy ýylda esaslandyrylan bu Halkara guramanyň mejlisinde, esasan, halkara maliýe ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.