ABŞ-da saýlaw wekillerinden ybarat bolan Saýlaýjylar Geňeşi ýurtda geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan demokrat Jozef Baýdeni ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti hökmünde tassyklady. 534 wekiliň 302-si Baýdeniň, 232-si bolsa Trampyň peýdasyna ses berdi. Şeýlelik bilen, demokrat dalaşgär ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy üçin gerek bolan 270-den köp sese eýe boldy. Ses berlişikden soňra Jozef Baýden ýurduň taryhynda täze sahypa açmagyň, birleşmegiň wagtynyň gelendigini aýtdy.
Saýlaýjylar Geňeşiniň ses berlişiginiň netijeleri 2021-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pensiň ýolbaşçylygynda Kongresde geçiriljek mejlisde gaýtadan tassyklanmaga hödürlener.
3-nji noýabrda ABŞ-nyň 50 ştatynda, şeýle hem paýtagt Waşingtonda Prezident saýlawlary geçirilipdi. Şu ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli adaty hem-de poçta arkaly geçirilen ählumumy saýlawlarda Jozef Baýdeniň partiýasyndan 302, ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň partiýasyndan 232 wekil saýlanypdy. Ýurtda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, dalaşgäriň 270 wekili saýlanan halatynda Prezidentlige saýlanýar. Saýlawlarda saýlawçylar gönüden-göni dalaşgäre däl-de, ştatyň Saýlaýjylar Geňeşiniň agzasyna ses berýärler. Saýlaýjylar Geňeşiniň wekilleriniň sany bolsa her ştatda başgaça bolýar. Ştatda iň köp sesi haýsy partiýanyň wekilleri alsa, şol partiýanyň ozaldan kesgitlenen wekilleri ABŞ-nyň Prezidentini we wise-prezidentini saýlaýar. Emma däp boýunça saýlawyň yzysüre 270 wekili saýlanan dalaşgär, öz prezidentligini yglan edýär.
ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Jozef Baýden 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda wezipesine girişer.