3-nji noýabrda ABŞ-da geçirilen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanan demokrat Jozef Baýden «Time» žurnaly tarapyndan «Ýylyň adamy» diýlip yglan edildi we geljekki wise-prezident Kamala Harris hem bu abraýly ada mynasyp boldy. «Ýylyň adamy» munuň özi diňe bir geçen ýyl bilen baglanyşykly bolman, eýsem, geljegi hem nazara alýar. Harris ilkinji afro-amerikan we gelip çykyşy boýunça ilkinji aziýaly bolan wise-prezident bolar.
«Time» žurnaly indi 100 ýyla golaý wagt bäri «Ýylyň adamyny» saýlap gelýär. Žurnalyň baş redaktory Edward Felzenthal bu adyň ABŞ-nyň saýlanan wise-prezidentine ilkinji gezek berilendigini aýtdy.
– Häzirki wagtda Baýden we Harris görnükli şahsyýetlerdir – diýip, ol belledi. Jozef Baýden we Kamala Harris žurnalyň kararynyň özleri üçin uly mertebedigini aýtdylar.
Şu ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli bu adyň gowşurylyşy onlaýn tertipde geçirildi. Dalaşgärleriň tanyşdyrylyşy, ýeňijileriň yglan edilmegi we olaryň çykyşlary wideo ýazga geçirilip görkezildi. «Time» žurnalynyň redaktorynyň pikiriçe, Jozef Baýden taryhy we deňi-taýy bolmadyk ýeňiş gazanyp, ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine eýe bolar. Žurnal ýurduň öňki wise-prezidentiniň noýabr aýynda geçirilen Prezident saýlawlarynda ABŞ-nyň taryhynda iň köp ses gazanyp, 44-nji döwlet baştutany Barak Obamanyň rekordyny täzeländigini belledi. Geçen ýyl şwesiýaly daşky gurşaw boýunça işleýän mekdep okuwçysy Greta Tunberg «Ýylyň adamy» bolupdy.