Çapgynlaşmak: howanyň has sowamagy, güýçli aýaz bolup başlamagy, ýeliň güýjäp gaty sowamagy
Çigrek: irden, agşamara we gijesine düşýän ýeňiljek sowuk, çalaja aýaz
Çigreklemek: çalarak sowuklap nähoşlamak, ýeňiljek sowuk degmek, sowukdan dümewlemek
Çisňemek: ownujak tozgalap, jybarlap ýagmak, gaty ownuklap ümür ýaly çalajadan tozgalamak, jybarly ýagmak (ýagyş hakynda)
Doň: sowugyň täsiri bilen buza dönen suw
Duman: bugly, çisňili tutuk howa gatlagy
Gamaşmak: howanyň ýüzi bulaşmak, bulut bilen örtülmek, çytawunly bolmak
Gapyşmak: asmanyň ýüzüni gara bulut, tozanly ýel we ş.m. tutup, howa bulaşmak, gamaşmak, garaňkyramak
Gubarlamak: üstüni bulutly, totly howa tutmak
Gar awusy: gar ýagmazyndan öň ýüz-gözüňi ýalap, dalap barýan ýiti sowuk
Maýyl: sowuk däl, ýyly, mylaýym, aram howa
Sergin: Açyk ýerden öwüsýän salkyn howa
Ümür: Bug bilen örtülen howa, duman gurşap alan tutuk howa, duman