Täze “Fiat 500” elektroulagy Fransiýada “Ýaşyl ulag” baýragyna mynasyp boldy. Kiçi göwrümli ulag mundan ozal Angliýada “Ýylyň awtoulagy” we “Ýylyň iň kiçi elektroulagy” baýraklaryna mynasyp bolupdy. Fransiýada gowşurylan baýragyň emin agzalarynyň arasynda bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleri hem-de awtoulag söýüjiler bar. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän owadan ulagyň bir gezekki zarýady bilen 320 kilometre çenli ýol geçýändigi emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şäher içinde sürmäge niýetlenen hem bolsa, “Fiat 500” bir gezekki zarýady bilen uzak aralyga gidip bilýär. Italýan brendi “2020 Red Dot” hem-de Germaniýanyň “Auto Motor und Sport” žurnaly tarapyndan guralýan “Iň gowy dizaýn baýraklaryny hem almaga mynasyp bolupdy. Zarýad bermek üçin mümkinçiligiň köp bolmagy ulaga bolan gyzyklanmany artdyrýar. Şeýle hem gyssagly ýagdaýlar üçin 5 minutda 50 kilometre ýetjek derejede zarýad alýar. Şeýle hem ulaga 35 minutda 80 göterim zarýad berip bilýär. Ulaga öý şertlerinde hem zarýad berip bolýar. Içki dizaýny babatda hem tapawutlanýan “Fiat 500” ses we ýagtylandyryjy ulgam bilen üpjün edilipdir. Mundan başga-da ulagyň ähli tarapyny “görýän” kameralar we sensorlar bilen üpjün edilip, ýokary ygtybarlylygy hödürleýär.