Mäh­ri­ban hal­kym!
Eziz wa­tan­daş­lar!
«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» diý­lip yg­lan edi­len 2020-nji ýyl ta­mam­la­nyp bar­ýar. Biz az sa­lym­dan üs­tün­lik­le­re bes­le­nen bu ýyl bi­len hoş­la­şyp, Tä­ze – 2021-nji ýy­ly uly şat­lyk bi­len gar­şy­la­rys.
2021-nji ýyl – Gün­do­gar mü­çe­na­ma­sy bo­ýun­ça sy­gyr ýy­ly. Sy­gyr «Ma­lym – ja­nym» diý­ýän türk­me­niň go­wy gör­ýän mal­la­ry­nyň bi­ri, öý-oja­gyň, maş­ga­la­nyň rys­ga­ly. Şo­ňa gö­rä-de, sy­gyr ýy­ly be­re­ket­li ýyl ha­sap­lan­ýar.
Mer­da­na hal­ky­myz Tä­ze ýy­la aý­dyň mak­sat­lar, uly ynam bi­len ga­dam bas­ýar. Mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­ti bi­len döw­le­ti­mi­ziň kuw­wa­ty bar­ha art­ýar.
Biz dün­ýä­de do­wam ed­ýän çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, yh­las­ly zäh­me­ti­miz bi­len 2020-nji ýyl­da hem yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dur­nuk­ly ös­me­gi­ni ga­zan­dyk, il-ýurt bäh­bit­li döw­let­li iş­le­re ba­dal­ga ber­dik. Köp san­ly dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly bi­na­la­ry­dyr des­ga­la­ry gu­rup, ulan­ma­ga ber­dik. Müň­ler­çe bag­ty­ýar maş­ga­la jaý toý­la­ry­ny toý­la­dy. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da dur­muş we önüm­çi­lik mak­sat­ly müň­ler­çe des­ga­nyň gur­lu­şy­gy dep­gin­li do­wam ed­ýär.
Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz­de en­çe­me hal­ka­ra äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu tas­la­ma­la­ryň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan tä­ze se­bit we se­bi­ta­ra ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­niň eme­le gel­ýän mö­hüm hal­ka­sy­na öw­rül­ýär.
Biz hal­ky­my­zyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da­ky köp asyr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, Halk Mas­la­ha­ty­nyň sent­ýabr aýyn­da­ky mej­li­sin­de döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ka­nun çy­ka­ry­jy we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly mö­hüm we­zi­pe­le­ri kes­git­le­dik.
Mil­li par­la­men­ti­mi­ziň hil taý­dan tä­ze, iki pa­la­ta­ly gur­lu­şy­nyň dö­re­dil­me­gi bol­sa ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de ös­dür­me­giň hu­kuk bin­ýa­dy­ny ber­ki­dip, döw­let hä­ki­mi­ýet eda­ra­sy­nyň işi­niň has ne­ti­je­li bol­ma­gy­na oňaý­ly şert­le­ri dö­re­der. Biz tä­ze – 2021-nji ýy­lyň mart aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň saý­law­la­ry­ny ge­çi­re­ris.
Ýur­du­myz dö­re­di­ji­li­giň we üs­tün­lik­le­riň ýo­ly bi­len ynam­ly öňe bar­ýar. Äh­li ugur­lar­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ma­gy­na oňaý­ly tä­si­ri­ni ýe­ti­rip, gel­je­ge yna­my­ny has-da ber­kid­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da oňyn öz­gert­me­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mer­da­na daý­han­la­ry­myz şu ýyl hem gal­la we pag­ta taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça şert­na­ma­la­ýyn borç­na­ma­la­ry­ny ab­raý bi­len ber­jaý et­di­ler. Wa­tan har­ma­ny­na 1 mil­li­on 400 müň ton­na­dan hem köp guş­gur­sak bug­daý, 1 mil­li­on 250 müň ton­na­dan gow­rak «ak al­tyn» tab­şyr­ma­gy ba­şar­dy­lar. Mi­we, gök-bak­ja önüm­le­ri­niň bol ha­sy­ly ýe­tiş­di­ril­di. Biz oba ho­ja­ly­gy­ny düýp­li öz­gert­mek bo­ýun­ça baş­lan iş­le­ri­mi­zi mun­dan beý­läk-de do­wam ede­ris.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Mäh­ri­ban hal­kym!
Sag­dyn jem­gy­ýet döw­le­tiň berk bin­ýa­dy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, yn­san sag­ly­gy­ny go­ra­mak, öm­rü­ni uzalt­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, sag­dyn dur­muş ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri ge­çir­ýä­ris. Hal­ky­my­zyň, şol san­da gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­le­ri­mi­ziň sag­ly­gy­ny, bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň uly äh­mi­ýe­ti bar.
Ne­sip bol­sa, tä­ze ýyl­da Aş­ga­bat­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de We­lo­si­ped spor­tu­nyň trek gör­nü­şi bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­ny, Ten­nis bo­ýun­ça De­wi­siň Ku­bo­gy ug­run­da­ky hal­ka­ra ýa­ry­şy ge­çi­re­ris.
Biz gel­je­gi­miz bo­lan ýaş nes­liň my­na­syp bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy üçin hem äh­li şert­le­ri dö­red­ýä­ris. Ýaş­la­ryň döw­re­bap hü­när­le­ri ele al­ma­gy­na, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry öw­ren­me­gi­ne döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de ga­ra­ýa­rys.
Saz­la­şyk­ly ös­ýän Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­niň yl­my gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şul­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek­de, san­ly ul­ga­my ös­dür­mek­de, tä­ze se­na­gat pu­dak­la­ry­ny dö­ret­mek­de, iri tas­la­ma­la­ry­dyr mil­li mak­sat­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek­de yl­myň äh­mi­ýe­ti ulu­dyr.
Biz me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň, ede­bi­ýa­ty­my­zyň we sun­ga­ty­my­zyň gül­läp ös­me­gi üçin hem äh­li şert­le­ri dö­re­de­ris. Mil­li mi­ra­sy­my­zy go­rap sak­la­mak, baý­laş­dyr­mak we wa­gyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri alyp ba­ra­rys.
«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­lyn­da Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi hal­ky­my­zyň mil­li mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de we giň­den ýaý­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Ne­sip bol­sa, 2021-nji ýyl­da Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­ni Le­bap we­la­ýa­tyn­da ge­çi­re­ris.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Biz Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­ni, ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny aý­dyň kes­git­le­dik. Bu iş­ler­de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­sin­den ugur al­ýa­rys.
2020-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 25 ýyl­ly­gy­ny baý­ram et­dik. Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty dün­ýä­de giň­den gol­daw tap­ýar.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça hem-de mil­let­ler bi­le­le­şi­gi­ne ag­za döw­let­le­riň bi­ra­gyz­dan gol­da­ma­gyn­da «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy sak­la­mak­da we pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de dur­nuk­ly ösüş işin­de bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny we äh­mi­ýe­ti» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.
Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň 47-nji mej­li­sin­de «Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy se­bi­tin­de we tu­tuş dün­ýä­de hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we dur­nuk­ly ösü­şi sak­la­mak­da hem-de pug­ta­lan­dyr­mak­da bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň or­ny» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edi­len­di­gi­ni hem bel­le­me­li­di­ris.
Pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak adam­za­dyň baş gym­mat­ly­gy­dyr, baý­ly­gy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan mö­hüm res­mi­na­ma – «2021-nji ýyl – Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di.
2020-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Türk­me­nis­tan bu gu­ra­ma­nyň 2021 – 2025-nji ýyl­lar üçin Dur­muş ösü­şi hem-de 2021 – 2024-nji ýyl­lar üçin Ylym we teh­ni­ka bo­ýun­ça Ko­mis­si­ýa­la­ry­nyň ag­za­ly­gy­na saý­lan­dy.
Mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy, ata Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­ri­miz oňyn ne­ti­je­le­ri­ni ber­ýär. Mu­ny hal­ka­ra bar­lag­lar mer­ke­zi­niň Türk­me­nis­ta­ny dün­ýä­niň iň howp­suz ýur­dy di­ýip yk­rar et­me­gi hem do­ly tas­syk­la­ýar.
Hor­mat­ly adam­lar!
Ra­ýat­la­ry­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny has-da ýo­kar­lan­dyr­mak, dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, biz tä­ze ýy­lyň 1-nji ýan­wa­ryn­dan aý­lyk zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­si­ýa­la­ryň hem-de döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni ýe­ne-de 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dyr­ýa­rys.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Si­ziň bil­şi­ňiz ýa­ly, tä­ze ýyl­da ata Wa­ta­ny­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň yg­lan edi­le­ni­ne 30 ýyl dol­ýar. Biz eziz Di­ýa­ry­my­zyň öz­baş­dak ösü­şi­niň şan­ly se­ne­si­ni ta­ry­hy wa­ka­la­ra, toý-da­ba­ra­la­ra bes­läp, giň­den bel­läp ge­çe­ris.
Tä­ze ýy­ly­myz il-ýurt bäh­bit­li uly üs­tün­lik­le­riň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de yna­nyş­ma­gyň ýy­ly bo­lar. Biz ata Wa­ta­ny­my­za be­lent buý­san­jy­myz, gel­je­ge berk yna­my­myz, aý­dyň mak­sat­la­ry­myz bi­len has uly sep­git­le­re ýe­te­ris.
Eziz wa­tan­daş­lar!
Ýe­ne az sa­lym­dan biz 2021-nji ýy­ly – «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­ny gar­şy al­ýa­rys. Goý, tä­ze ýyl Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, aba­dan­çy­ly­gyň, uly üs­tün­lik­le­riň, rys­gal-be­re­ke­diň ýy­ly­na öw­rül­sin! Tä­ze ýyl­da si­ziň maş­ga­la ojak­la­ry­ňy­za ag­zy­bir­lik we asu­da­lyk ýar bol­sun! Bag­ty­ýar gün­ler, döw­let­li döw­ran do­wa­mat-do­wam bol­sun!
Eziz wa­tan­daş­lar!
Tä­ze – 2021-nji ýy­ly­ňyz gut­ly bol­sun!