«Booker»-e eýe boldy. Şotland ýazyjysy Duglas Stýuartyň «Şaggi Beýn» atly ilkinji romany ýatlamalardan ybarat. Eserde 1980-nji ýyllarda Şaggi atly oglanjygyň syrkaw ejesine ýardam etmek üçin edýän tagallalary barada gürrüň berilýär. Bu eser ýazyjynyň ýetginjeklik ýyllarynda aradan çykan ejesine bagyşlanýar. Duglas Stýuart Beýik Britaniýadan Nýu-Ýorka göçeninden soňra döredijilik bilen meşgullanyp ugraýar. Geçen ýylyň ahyrynda bu eser «Booker» baýragyna mynasyp boldy.
Gonkur baýragynyň awtory. Fransuz ýazyjysy Erwe Le Telýe «Anomaliýa» romanyny ýazanda bu işe alymlarça çemeleşmeli boldy. Çünki bilimlere, çuňňur pelsepä we wirtual dünýä baradaky çaklamalara esaslanýan bu eser adam ruhunyň syrly taraplary hakynda gürrüň berýär. Le Telýeniň täze romany 2020-nji ýylyň ahyrynda Gonkur akademiýasynyň karary bilen Gonkur baýragyna mynasyp görüldi. «Anomaliýa» fantaziýa žanrynda ýazylan 300 sahypalyk romandyr.
Işewüriň maslahat beren kitaplary. Amerikan milliarderi Bill Geýts geçen ýylyň iň gowy kitaplaryny sanap geçdi. Ol köp sanly amerikan ýazyjylarynyň eserleriniň arasyndan, aşakdaky kitaplaryň göwnünden turandygyny belledi: Mişel Aleksandr «Täze Jim Crow», Dewid Epşteýn «Aralyk: Näme üçin uniwersallar hünär dünýäsinde ýeňiş gazanýarlar», Erik Larson «Ýagşy we ýaman: Çerçilliň maşgalasy we Blits döwründe wepalylyk hekaýaty», Bijal P. Triwedi, «Duzdan dem almak: ylymda täze döwür we lukmançylygy özgerdýänler».
Ýylyň iň gowy kitaby. Russiýada Andreý Rubanowyň «Algyr laçyn» romany 2020-nji ýylyň iň gowy kitaby diýlip ykrar edildi. Geçirilen pikir soralşyklarda rus ýazyjysy Andreý Rubanowyň «Algyr laçyn» eseri iň köp okalan kitap bolup, «Okyjy baýragy – 2020» atly edebi baýraga mynasyp boldy. Kitaphana jemgyýeti tarapyndan döredilen bu baýrak özüniň 5-nji möwsüminde bütinrussiýa baýragyna öwrüldi. Bu esere diňe bir rus okyjylary däl, eýsem, GDA ýurtlarynyň elektron we audiokitaplar bazarynyň okyjylary hem ses berdiler.