Häzirki wagtda Diýarymyzda gyş pasly dowam edýär. Gyş paslynda howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy adam bedenine belli bir derejede öz täsirini ýetirýär. Howanyň birden üýtgemegi sowuklama ýaly keselleriň ýüze çykmagyna getirip bilýär. Keseliň köpçülikleýin ýokuşmazlygyna ýol bermezlik üçin onuň garşysyna göreşmelidiris. Howanyň üýtgeýän döwründe ýüze çykýan keselleriň biri hem ýiti respirator keselidir. Bu ýagdaý, esasan hem, bedeni gowşak ýa-da gartaşan adamlara täsir edýär. Keseller howa damja ýoly bilen, näsag adamlaryň üsgürmegi, asgyrmagy, geplemegi netijesinde, şeýle hem köp adamly ýerlerde çalt ýaýraýar. Iniň üşetmegi, kellagyry, kähalatlarda ýürek bulanma, asgyrma, üsgürme, gözüň ýaşarmagy, işdäniň kesilmegi, burnuň dykylmagy ýaly alamatlar peýda bolup başlaýar. Bu keseliň agyrlygyna ýa-da ýeňilligine garamazdan, aýak üstünde geçirmek nädogrydyr. Sebäbi, bu kesel näsag adamdan sagdyn adamlara hem ýokuşyp bilýär. Öz wagtynda bejergi almasaň dürli gaýraüzülmeleriň ýüze çykmagy mümkin. Keseliň bejergisinde esasy zat keseli çalt we dogry anyklamak. Özbaşdak bejergi almaly däl, lukmanyň maslahatlaryny berjaý etmeli. Näsag aýratyn otagda ýatmaly. Otaglaryň howasyny ýelejiredip, çygly esgiler bilen arassalamaly. Şeýle hem möwsümleýin döreýän ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin daşaryk çykylanda hökman burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini dakynmaly we daş-töwerekdäki adamlar bilen howpsuz araçägi saklamaly. Şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elleriňi sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly.
Arassa howadan dem almagyň saglyk üçin peýdalydygyny ýatdan çykarmaly däl. Esasan hem, suwuklygy köpräk içmeli. Ol wiruslary, zäherleri, alyş-çalyş galyndylaryny bedenden peşew we der arkaly çykarýar. Limonly, bally çaý, mylaýym süýt, suw içmek peýdalydyr. Miwe, gök önüm, ir-iýmiş köpräk iýilmeli.
Janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun!
Aýsoltan Ýagmyrowa,
Aşgabat şäheriniň 14-nji Saglyk öýüniň baş lukmany, Aşgabat şäher Halk maslahatynyň agzasy.