Malaý ýarym adasyndaky bu kiçijik ýurt sizi gözel ýerlerine baryp görmäge, haýran galdyryjy binalarynyň we köçeleriniň «gözüň ýagyny iýýän» yşyklandyryjylar bilen bezelen öwüşginlerine tomaşa etmäge çagyrýar.
Singapur dünýäde bar bolan üç sany özygtyýarly şäher-döwletleriň biridir. Hindi ummanynda, Malaýziýanyň golaýynda ýerleşýän ýurt elli töweregi ululy-kiçili adadan emele gelip, ýurduň paýtagty esasy adada ýerleşýär. Dünýäde arassaçylygy we tertip-düzgüni bilen tapawutlanýan Singapuryň halkara howa menzili dünýäniň iň iri we köp gatnawly aeroportlarynyň biridir. Onuň esasy binasynyň içini dürli gyrymsy agaçlar, çyrmaşyp ösýän ösümlikler we güller bezeýär. Özboluşlylygy bilen tapawutlanýan şeýle baga dünýäniň beýleki ýerlerinde duş gelinmeýär. Syýahatçylyk babatda dünýäniň öňdebaryjy ýurdy bolan Singapura barýan myhmanlar üçin ähli amatlyklar döredilipdir. Dürli milletleriň wekilleriniň ýaşaýan ýurdunyň resmi dili iňlis dilidir. Uly portlary, ýükleri we harytlary saklamaga döredilen mümkinçilikler Singapuryň dünýäniň öňdebaryjy reeksport ýurt bolmagyny şertlendirýär. Ýurduň ykdysadyýetinde eksport harytlary uly orun eýeleýär.
Ýeri gelende bellesek, Singapur döwletiniň berk kanunlary bar we bu kanunlara ýerli ilat hem, syýahatçylar hem hormat goýýar. Syýahatçylar gezelenç edenlerinde, açyk we ýapyk görnüşli restoranlarda, seýilgählerde arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmelidir. Singapur ýurduň paýtagty we ýeke-täk şäheridir.
Şäheriň haýsy ýerlerini gezmeli we görmeli?
Bu ýurda ilkinji gezek baranlara «Marina Bay Sands» atly toplumy görmek maslahat berilýär. 2010-njy ýylda açylan täsin ymarat üç binadan, bu binalary birleşdirýän köp gatly üçekden we ýanaşyk ýerlerindäki seýilgählerden we beýleki binalardan ybarat. Bu ýerde üç sany binanyň ýokarsyndan keseligine birleşdirilipdir. Bu binalaryň ýokarsyndaky gämi şekilli üçek äpet seýilgähe meňzeş bolup, ol ýerde birwagtda 4 müňe golaý adam dynç alyp bilýär. Bu ýerde uzynlygy 150 metre ýetýän «tükeniksizlik» howuz hem ýerleşýär. Syýahatçylar binanyň 57-nji gatyndaky synlaýyş eýwanyndan şäheriň ajaýyp görnüşlerine, günüň batyp barýan çagyna tomaşa edip bilýärler. Toplumyň çäginde 2 561 otagly myhmanhana, 120 müň inedördül metr meýdany bolan sergiler merkezi, söwda merkezi, muzeý, teatr, dürli restoranlar, sungat sergisi we beýlekiler bar. Dik üç binanyň beýikligi 340 metre ýetýär. Bu ýerdäki seýilgähde müňlerçe ösümlik bar. Şeýle hem dünýädäki iň uly ýyladyşhana bolup, ol gül şekilli gümmez bilen örtülipdir. Binanyň ýanaşyk ýerindäki seýilgähiň çägindäki «Bulut tokaýynda» tebigy şertlerde 1000-2000 metr belentlikde ýetişýän agaçlaryň emeli görmüşi döredilipdir. Bu agaçlar hakykatdan hem tebigy ösümikler ýaly howany arassalaýar.
Merlion heýkeli. Singapuryň döwlet nyşany bolan Merlion heýkeli syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleriniň biridir. Ýurduň «Ýolbars şäheri» atly meýdançasynda ýolbarsyň kellesiniň we şäheriň balykçylyk geçmişini ýatladýan balygyň şekili bar. Şäherde bäş sany resmi Merlion heýkeli bar.