ABŞ-nyň kosmos syýahatçylygy ugrunda iş alyp barýan “Axiom Space” kompaniýasy Halkara Kosmos Bekedine syýahaty ýola goýmaga taýýarlanýar. Birnäçe ýurduň astronawtlarynyň ylmy barlaglar geçirýän ýeri bolan bekediň syýahatçylyk maksady bilen hem ulanylmagyna garaşylýar. “Axiom Space” indiki ýylyň başynda dört adamlyk ekipažy kosmos bekedine ibermegi maksat edinýär. Ilkinji uçuşa “Axiom Space”-iň ýolbaşçysynyň orunbasary, ozalky astronawt Maýkl Lopez-Alegria, ABŞ-ly işewür Lerri Konnor, kanadaly maýadar Mark Peti we ysraýylly telekeçi Eýtan Stib dagy gatnaşar. Kosmos syýahatçylary bu ýerde  8 gün bolarlar. Syýahatçylar kosmosa “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” kapsulasy bilen gidip gelerler. Syýahatyň umumy bahasynyň her bir ýolagçy üçin 55 million dollar boljakdygy mälim edildi.