Gazak elipbiýini latyn harplaryna geçirmek boýunça Milli komissiýanyň mejlisi ýurduň täze elipbiýini köpçülige hödürledi. Gazagystan 2023-2031-ji ýyllar aralygynda latyn elipbiýiniň esasyndaky gazak elipbiýine tapgyrlaýyn geçer. Tanyşdyrylyş dabarasyna ýurduň hökümet başlygy Askar Mamin hem gatnaşdy. Täze elipbiý barada maglumat beren Ahmet Baýtursunow Dil bilimi instituty tarapyndan taýýarlanan häzirki elipbiýde “bir ses – bir harp” ýörelgesine eýerilendigini belledi. Latynlaşdyrylan täze gazak elipbiýinde 31 harp bolup, olaryň 9-sy çekimli harplar bolar. Şeýle hem, elipbiýe girizilmedik c, x, w ýaly harplar beýleki dillerden geçen alynma sözlerde ulanylar. Hökümet başlygy Askar Mamin maslahatda eden çykyşynda elipbiýiň kämilleşdirilen nusgasynyň gazak diliniň ýaýbaňlanmagyna we döwrebaplaşdyrylmagyna çynlakaý goşant goşjakdygyny aýtdy. Täze elipbiýi döretmek üçin kyrkdan gowrak nusga öwrenilipdir. Ýurtda 1940-njy ýyldan bäri kirillisa elipbiýiniň gazak nusgasy ulanylýar.