Maşk et­me­giň we sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň adam sag­ly­gy üçin peý­da­ly­dy­gy hem­me­le­re ozal­dan mä­lim­dir. Luk­man­lar sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin hiç ha­çan giç däl­di­gi­ne we is­len­dik ýaş­da­ky adam üçin meş­gul­la­nyl­jak sport gör­nü­şi­niň bar­dy­gy­na ün­si çek­ýär­ler. Esa­sy zat oňa is­le­giň we hö­we­siň bol­ma­gy­dyr. Ada­myň ýa­şy gar­taş­dy­gy­ça kä­bir nä­hoş­luk­lar ýü­ze çy­kyp bil­ýär. He­re­ket et­mek bol­sa dür­li ke­sel­le­riň öňü­ni al­ýar. Yzy­gi­der­li maşk ed­ýän ada­myň iş­dä­si go­wy, uku­sy ka­da­ly bol­ýar. Maş­kyň peý­da­sy­ny du­ýan adam ony hiç ha­çan taş­la­mak is­le­me­ýär. Se­bä­bi, fi­zi­ki he­re­ket gün­de­lik ter­tip-düz­gü­ni ýo­la goý­ma­ga, wagt­ly-wag­tyn­da ýa­typ-tur­ma­ga kö­mek ed­ýär. Adam uku­sy­ny ka­da­ly alan ýag­da­ýyn­da ön­dü­ri­ji­lik­li iş­läp bil­ýär. Sport adam sag­ly­gy üçin zy­ýan­ly en­dik­ler­den ga­ça dur­ma­ga we on­dan sap­lan­ma­ga hem ýar­dam ed­ýär. Maşk et­mek be­de­niň ke­sel­le­re gar­şy go­ra­nyş uky­by­ny art­dyr­mak bi­len, göw­nü­çök­gün­lik­den hem ha­las ed­ýär. Be­de­niň ka­da­ly ag­ram­da bol­ma­gy hem adam sag­ly­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Yzy­gi­der­li he­re­ket ar­tyk­maç ag­ra­myň hem öňü­ni al­ýar. Sport bi­len meş­gul­lan­ýan her bir tür­ge­niň bel­li bir mak­sa­dy bol­up, he­mi­şe şol mak­sa­dy­na ýet­mek üçin tür­gen­leş­ýär. Üs­tün­li­ge ýe­ten ma­ha­ly bol­sa, çe­ken zäh­me­ti­niň hö­zi­ri­ni gör­ýär. Bu bol­sa onuň göw­nü­ni gö­ter­ýär, özü­ne bo­lan yna­my­ny art­dyr­ýar. Em­ma sport bi­len meş­gul­lan­mak üçin tür­gen bol­mak hök­man däl. Sport gün­de­lik dur­mu­şyň bir bö­le­gi hök­mün­de ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­de hem ada­myň özü­ne yna­my­ny art­dyr­ýar, tä­ze mak­sat­lar tu­tun­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Bel­li bir de­re­je­de he­re­ket et­mek ada­myň iş­dä­si­ni aç­ýar. Wagt­ly-wag­tyn­da na­har­lan­mak sag­lyk üçin örän äh­mi­ýet­li ha­sap­lan­ýar. Gün­de­lik maşk­lar­dan daş­ga­ry haý­sy­dyr bir sport gör­nü­şi bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­mak üçin hü­när­men­ler bi­len mas­la­hat­la­şyl­ma­ly­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Eziz Ga­za­kow,
Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar we
in­for­ma­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.