Ýaponiýanyň “Toyota” kompaniýasy geçen ýyl dünýäniň iň köp ulag satan brendi boldy. Soňky birnäçe ýyldan bäri bu ugurda öňdäki orunlary eýeleýär. Emma ýapon brendi internetde hem öňe geçdi. Bazar barlaglaryny amala aşyrýan “Compare the Marke” firmasy 2020-nji ýylyň dowamynda “Google” arkaly iň köp gözlenen ulaglaryň sanawyny mälim etdi. Maglumatda “Toyota” BMW-den ozduryp, birinji boldy. Bu barlag 2018-nji ýyldan bäri 158 ýurtda amala aşyrylýar. Geçen ýylky maglumatlara görä, “Google”-dan 88 million gezek “Toyota” gözlenipdir. Barlaga görä, “Toyota” 55 ýurtda birinji boldy. Şeýle hem “Toyota” awtoulag brendleriň 34,8 göterimini emele getiripdir. 2019-njy ýylda 118 ýurtda birinji bolan BMW 34 göterim paý bilen ikinji ýere düşdi. Üçünji bolan “Mercedes-Benz” 158 ýurduň üçden birinde öňdeligi eýeläpdir.