ABŞ-nyň “United Airlines” kompaniýasy ýolagçylary şäheriň içinden aeroporta gatnatmak üçin uçýan taksi satyn almagy maksat edinýär. “The Wall Street Journal” neşiriniň habaryna görä, “United Airlines Holdings” merkezi edarasy Kaliforniýada ýerleşýän “Archer” kompaniýasy bilen 1 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekdi. Şertnamanyň çäklerinde “Mesa Airlines” awiakompaniýasy bilen hem hyzmatdaşlyk ediler. “United” we “Mesa” awiakompaniýasynyň ýolbaşçylary howa gatnawlarynyň hereketinde tebigata ýetirilýän zyýanly gazlary mukdaryny azaltmak maksady bilen 5 ýylyň dowamynda 200 sany uçýan taksi alar. Bu taksiler ýolagçylary ýol dyknyşygynda eglenmezden aeroporta elter. Kiçi göwrümli bu ulaglar sagatda 240 kilometr tizlik bilen hereket eder. Bu taksiler aeroportdan 95 kilometre çenli uzakdaky ýolagçylara hyzmat eder.