Şu günler Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginde döredijilikli zähmet gaýnap joşýar.

“Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli şeýle hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý toýy dabaraly ýagdaýda belläp geçmek üçin taýýarlyk görülýän günleri her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenip geçiljek türkmen halysynyň güni mynasybetli türkmen kinoçylary hem “Türkmen halysy” atly doly göwrümli çeper filmi surata düşürip başladylar.

Bu filmiň ssenarisi hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän “Arşyň nepisligi” we “Janly rowaýat” eserlerine salgylanyp taýýarlanyldy. Filmde türkmen halysynyň taryhy, onuň gelip çykyşy çeper beýan edilip, halyşynaslaryň, halyň taryhyny öwreniji alymlaryň hem-de galamgärleriň haly barada berýän gyzykly gürrüňleri öz beýanyny tapýar. Filmde filmiň baş gahrymany halyşynas Baýram atly ýaş ýigidiň durmuş ýoly yzarlanýar. Baýram özüniň bilesigelijiligi bilen türkmen halysynyň gadymdan gaýdýan ýoluny yzarlaýar. Ol haly sungatynyň gelip çykyşyny doly öwrenmegi ýüregine düwýär. Baýram ýurdumyzyň ähli haly kärhanalaryna, haly muzeýlerine aýlanyp çykyp, ýurdumyzyň haly sungatyny öwrenijileri bilen duşuşyp, olaryň halynyň syry barada berýän gürrüňlerini bellige alýar. Filmde durmuşy wakalar hem öz beýanyny tapýar. Halyçy gelin-gyzlarymyzyň, haly sungatynda zähmet çekýänleriň, ýaşlarymyzyň Watana, maşgala, birek-birege, zähmete bolan söýgüsi filmiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Gadymy türkmen halysynyň taryhyndan gürrüň berýän rowaýatly sahna hem filmiň içinde ýerleşdirilipdir. Filmde esasy keşbi ýagny Baýramyň keşbini ýaş zehinli artist Döwran Saryýew ýerine ýetirýär. Şeýle-de artist Mekan Durdyýew, talyp gyzlar Jennet Saparowa, Altyn Berdiýewa we beýlekiler janlandyrýarlar. Filmi zehinli kinorežissýor hem aktýor, Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýew surata düşürýär. Filmiň operatory ussat, zehinli, tejribeli kinooperator Döwlet Hudaýberdiýew. Filmi dörediji topar, esasan hem, Aşgabat haly çeperçilik kärhanasynda, haly muzeýinde, ylymlar akademiýasynyň taryh muzeýinde şeýle-de Aşgabat şäheriniň gözel ýerlerinde we Ahal welaýatynyň çöllük ýerlerinde, gözel tebigatynda, Gökdere jülgesiniň daglyk ýerlerinde, surata düşürmegi meýilleşdirýär. Pursatdan peýdalanyp filmiň “Rowaýat” atly sahnasynda surata düşürilmegi meýilleşdirilen bedew atlarynyň, Türkmen atlary döwlet birleşiginiň “Halkara” atçylyk toplumynyň atlarydygyny hem aýdasym gelýär. “Nesip bolsa, dörediji toparymyz bilen bu filmi maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenip geçiljek türkmen halysynyň gününe ýetişdirip, halyçy gelin-gyzlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy begendirmegiň arzuwynda” – diýip filmiň direktory Gülşat Taimowa buýsanç bilen gürrüň berdi. Bize bolsa döredijilik toparyna üstünlik arzuw edäýmek galýar.

Akmyrat Hojaberdiýew.