Production line of the new factory.

Birnäçe ýyldan bäri durnukly ykdysady ösüşini dowam etdirýän Hytaý Halk Respublikasy geçen ýyl Ýewropa Bileleşiginiň iň uly söwda hyzmatdaşy boldy. Ýewropanyň Statistika edarasynyň (Eurostats) maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hytaý Ýewropa Bileleşigi bilen söwdada ABŞ-dan ozdurdy. ABŞ soňky elli ýyla golaý wagt bäri Ýewropa sebitiniň iň uly hyzmatdaşy bolup gelýärdi. Geçen ýyl Hytaý Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryna 383 milliard ýewrolyk haryt we hyzmat satdy. ABŞ-nyň Ýewropa eksporty bolsa, 202 milliard ýewro deň boldy. ABŞ-nyň Ýewropa Bileleşiginden importy bolsa, 353 milliard ýewro bolupdyr. Şeýlelikde, geçen ýyl Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaý, ABŞ, Birleşen Patyşalyk, Şweýsariýa, Russiýa we Türkiýe öňdäki orunlary eýeledi.