Taýlandyň Surin welaýatynda 5,4 müň inedördül metr meýdany bolan Piller muzeýi bina edildi. Muzeýiň sergi zallarynyň arasynda pilleriň oýun meýdançasy bar. Muzeýiň çäkleri dört zolaga bölündi: kitaphana, sergi we konferensiýa zallary, sowgat dükany we pilleriň oýun meýdançasy. Piller üçin ýer tötänleýin gurulmady. Bu haýwanlaryň 200-den gowragy Surinde ýaşaýar. Muzeý bu süýdemdirijileriň ýagdaýyna aýratyn ünsi çekýär. Bu muzeýiň adamlar bilen tebigatyň arasyndaky baglanyşygy berkitmegine garaşylýar.