Aw­tou­la­gy­ňy­zy her nä­çe se­re­sap sür­se­ňiz hem, ho­wa şert­le­ri kä­wagt ýol ha­dy­sa­la­ry­na se­bäp bo­lup bil­ýär. Gy­şyň so­wu­gyn­da taý­gak ýol­da ulag sür­mek nä­çe üns­lü­ligi ta­lap ed­ýän bol­sa, ýa­gyş­ly ho­wa­da hem edil şonuň ýaly se­re­sap bol­ma­ly. Ýa­gyş ýa­ňy ýa­gyp baş­lan wag­ty, ýer he­ni­zem çyg­ly bol­ma­sa-da ýo­luň howp­ly bo­lup bil­jek­di­gi­ni ýat­dan çy­kar­ma­ly däl. Il­kin­ji ýa­gyş as­fal­tyň ýü­zün­de ty­pan­çak ýag­da­ýy eme­le ge­ti­rip bil­ýär. Eý­sem, ýa­gyş­ly ho­wa­da ulagy nä­hi­li do­lan­dyr­ma­ly?
Ka­da­ly tiz­lik. Ýa­gyş sü­rü­ji­niň gö­zü­niň gör­ýän ara­ly­gy­ny azald­ýar. Şol se­bäp­li beý­le­ki ulag­lar bi­len howp­suz ara­ly­gy sak­la­mak üçin ula­gyň tiz­li­gi­ni peseltmeli. Şeý­le hem, aýna sü­pürijilerini bar­laň hem-de ze­rur bo­lan beý­le­ki teh­ni­ki ideg­le­ri wagt­ly-wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­rip du­ruň!
Ula­gy bir­den sak­la­maň! Çyg­ly ýol­da ula­gy sak­la­mak gu­rak ýol­da sak­la­mak­dan has kyn. Şeý­le ýol­da haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len ula­gy sak­la­ma­ly bo­la­ny­ňyz­da, pi­kir edi­şi­ňiz­den has uzak ara­ly­ga git­me­gi­ňiz müm­kin. Şol se­bäp­li duý­dan­syz he­re­ket­ler­den ga­ça dur­mak, gat­na­wyň ha­ýal ak­ýan ara­ly­gyn­dan sür­mek we tiz­li­gi­ňi­zi kem-kem­den pe­selt­mek si­ziň üçin has yg­ty­bar­ly bo­lar.
Süýş­ýän tigirlerden se­re­sap bo­luň! Ula­gy­ňy­za her pas­la we ho­wa­nyň ýag­da­ýy­na gö­rä, ta­la­ba­la­ýyk tigir dak­ma­gy unut­maň! Ýo­luň ýü­zün­de suw ýyg­na­nan bol­sa, ula­ga erk et­mek­de kyn­çy­lyk çek­me­gi­ňiz müm­kin. Gyş­da sür­mä­ge ni­ýet­le­nen tigirler ula­gy dür­li ho­wa şert­le­rin­de has ra­hat do­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Özü­ňi­zi ra­hat du­ýuň! Al­jy­raň­ňy ýag­daý­da wag­ty­ňyz ulag sür­mek howp­ly bo­lup bi­ler. Ýa­gyş­ly ho­wa­da bu me­se­lä aý­ra­tyn üns ber­me­li. Haý­sy­dyr bir za­da ga­ha­ryňyz ge­lip dur­ka ulag sür­me­li däl!
Aras­sa­çy­ly­ga üns be­riň! Ula­gyň pen­ji­re­le­rin­de ýa­gyş dam­ja­la­ry­nyň teg­mil­le­ri ýo­luň aý­dyň gö­rün­me­gi­ne ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär. Sü­pür­giç­le­ri de­giş­li tiz­lik­de iş­let­mek we ula­gyň için­de aý­na­nyň bu­gar­ma­gy­nyň öňü­ni al­mak üçin bar bo­lan ho­wa çal­şy­jy ul­gam­la­ry­ny ta­la­ba­la­ýyk iş­let­me­li. Şeý­le hem, ýa­gyş su­wu­nyň aýnanyň ýüzünden çalt ak­ma­gy­ üçin aý­na­nyň bu­gar­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýan goş­ma­ça pür­kü­ji se­riş­de­ler­den hem peý­da­la­nyp bi­ler­si­ňiz.
Wagt­ly-wag­tyn­da teh­ni­ki ideg ediň! Ula­gyň äh­li ýe­ri­niň ka­da­ly iş­le­ýän­di­gi­ne ýy­gy-ýy­gy­dan gö­zeg­çi­lik ediň! Bar­la­mak we teh­ni­ki hyz­mat et­mek, aw­tou­la­gy­ňyz­da ýü­ze çy­kyp bil­jek nä­saz­lyk­la­ryň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam eder. Ho­wa ýag­da­ýy­nyň nä­hi­li­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, si­ze öz sü­rü­ji­lik borç­la­ry­ňy­zy do­ly we dog­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip, bar­ma­ly ýe­ri­ňi­ze sag-aman bar­ma­gy­ňy­zy, ýol­la­ry­ňy­zyň ak bol­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris!