Guşlar görnüşlerine, fiziki häsiýetlerine, näme sebäpden uçýandygyna we howa şertlerine baglylykda dürli tizlikde uçýarlar. Bu jandarlaryň fiziki gurluşy aerodinamik babatda örän ösen hasaplanýar. Guşlaryň uçýan tizligi, köplenç, bedeniniň agramynyň ganatlarynyň ýüzüniň meýdany bilen proporisional gatnaşygyna bagly bolýar. Uçýan guşlaryň ganatyna belli bir derejede agram düşýär. Bu agram 1-20 kg/m2 aralygynda üýtgeýär. Ganatyna köp agram düşýän guşlar ýokary tizlik bilen uçmaly bolýarlar. Giň ganatly, emma kiçi we ýeňil guşlar pes tizlikde hem uçup bilýärler. Kähalatda şol bir guş dürli tizlikde hem uçup bilýär. Ýyly ýurtlara göçýän guşlar uzak aralyga uçanlarynda adatdakysyndan pes tizlik bilen hereket edýärler. Iýmit gözleýän, aw awlaýan ýa-da haýsydyr bir howpdan gaçýan guş has çalt uçýar. Mysal üçin, adatça, sagatda 76 kilometr tizlik bilen uçýan polýar deňiz ördeginiň tizligi awuny kowalaýan wagty sagatda 97 kilometre ýetýär. Guşlaryň tizligi ýeliň garşysyna ýa-da süri bolup uçanlarynda hem üýtgeýär. Geçirilen barlaglaryň netijesinde guşlaryň ýeliň garşysyna has tiz, ýeliň akymynyň ugruna uçanlarynda pes tizlikde uçýandyklary ýüze çykaryldy. Guşlar süri bolup uçanlarynda hem adatdakysyndan has haýal uçýarlar. Şeýle-de bolsa guşlaryň tizligi, köplenç, sagatda 16-64 kilometr aralygynda bolýar.
Dünýäniň
iň çalt uçýan guşlary
Iň ýyndam guşlaryň biri hasaplanýan gök algyrlar awlaryny tutmak üçin dikaşak gaýdanlarynda ganatlaryny jebis ýygnap, guýruklaryny aýaklarynyň arasyna çekýär. Şol pursatda ýaýdan çykan ok ýaly uçýan algyrlaryň tizligi sagatda 322 kilometre ýetýär. Adatça, algyrlar sagatda 64-96 kilometr aralygyndaky tizlik bilen hereket edýär.
Adaty uçuş tizligi iň ýokary bolan guş iňňeguýrukly uzynganat hasaplanýar. Bu guşlar, adatça, sagatda 105 kilometr tizlik bilen uçýarlar. Ortaça, ak leglegiň sagatda 41 km, çal durnanyň 50 km, köl çarlagynyň 50 km, ýabany ördegiň 50 km, kepderiniň 73 km tizlik bilen uçýandygy anyklandy.