16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny
amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky
işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Ir­den döw­let Baş­tu­ta­ny­myz paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk bö­le­gin­de gu­rul­ýan kö­pu­gur­ly işe­wür mer­kez­li ka­şaň «Ga­ra­gum» myh­man­ha­na­sy­na gel­di. Bu ýer­de wi­se-prem­ýer Ş.Dur­dy­ly­ýew hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze bu des­ga­da ge­çi­ril­ýän de­giş­li iş­ler, şol san­da ýa­na­şyk ýer­le­ri aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, kö­pu­gur­ly işe­wür mer­kez­li myh­man­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy ta­mam­laý­jy tap­gyr­da al­nyp ba­ryl­ýar. Tä­ze top­lum­da myh­man­la­ry my­na­syp gar­şy­la­mak, işe­wür du­şu­şyk­la­ry we dür­li çä­re­le­ri, şol san­da hal­ka­ra äh­mi­ýet­li çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin äh­li şert­ler göz öňün­de tu­tul­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myz­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän eko­lo­gi­ýa sy­ýa­sa­ty­na do­ly la­ýyk gel­me­gi­ni ga­zan­ma­gyň ze­rur­dy­gy­ny, bi­na­la­ryň tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nan­da, ýer­li te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ryň göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Bu­la­ryň äh­li­si di­ňe bir paý­tag­ty­myz­da däl, eý­sem, Türk­me­nis­ta­nyň beý­le­ki kün­jek­le­rin­de hem des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy me­ýil­leş­di­ri­len­de, esa­sy gör­ke­zi­ji bol­ma­ly­dyr.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz «La­çyn» se­ýil­gä­hi­niň gur­lu­şy­gy­nyň tap­gyr­la­ry we ýer­le­şi­şi­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, onuň çä­gin­de gu­rul­jak beý­le­ki des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy. Wi­se-prem­ýer Ş.Dur­dy­ly­ýew de­giş­li tas­la­ma­lar, gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän des­ga­lar we ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bu se­ýil­gä­hi Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy­na ga­bat­lap aç­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mil­li Li­de­ri­miz myh­man­ha­na-işe­wür­lik top­lu­my­nyň go­la­ýyn­da ýer­le­şen tä­ze se­ýil­gä­hiň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­na ün­si çe­kip, bu ul­gam­da­ky öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, te­bi­gy be­zeg ba­bat­da­ky iň go­wy tej­ri­bä­niň giň­den ula­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Soň­ra «Türk­men­ho­wa­ýol­la­ry» agent­li­gi­niň baş­ly­gy D.Sa­bu­row Aş­ga­ba­dyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne ta­rap uza­lyp gid­ýän se­ýil­gäh zo­la­gy­nyň be­zeg aý­ra­tyn­lyk­la­ry, paý­tag­ty­my­zyň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we myh­man­la­ry­nyň dynç al­ma­gy üçin ze­rur şert­le­riň dö­re­di­li­şi, şä­her­li­le­riň boş wagt­la­ry­ny göw­ne­jaý ge­çir­mek­le­ri üçin se­ýil­gä­hiň iň ge­lim-gi­dim­li ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rül­me­gi bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Öwe­zow paý­tag­ty­my­zyň Hal­ka­ra ho­wa men­zi­li­ne bar­ýan ýo­luň ug­run­da we onuň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, bu ýer­de bi­na edil­ýän me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­gi ug­run­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew tä­ze se­ýil­gäh­de ekil­jek bag na­hal­la­ry, ola­ryň hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bag na­hal­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri se­çi­lip al­nan­da bu ýer­le­riň te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry na­za­ra alyn­dy.
Soň­ra oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­ri A.Al­ty­ýew tä­ze se­ýil­gä­hiň bag na­hal­la­ry­na de­giş­li de­re­je­de ideg iş­le­ri­ni ýo­la goý­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän taý­ýar­lyk iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki dö­wür­de se­ýil­gäh­de bag na­hal­la­ry­ny ek­mek iş­le­ri­ne hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gö­rül­ýär.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ý.Gy­ly­jow türk­men paý­tag­ty­nyň 140 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li me­ýil­leş­di­ri­len da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­nymy­zyň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, şä­he­ri­mi­ziň eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­na, on­da adam­lar üçin ösen hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­ýän amat­ly­lyk ýag­da­ýy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz äh­li ugur­lar bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­ne üns be­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şä­her gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li bol­ma­ly­dyr. Bu ýer­de bi­na edil­jek se­ýil­gäh­de adam­la­ryň dynç al­ma­gy üçin has amat­ly şert­ler dö­re­dil­me­li­dir. Şo­ňa gö­rä-de, äh­li me­se­le­le­re, şol san­da dür­li gör­nüş­li agaç na­hal­la­ry­nyň eki­li­şi­ne, ot­ly meý­dan­la­ryň hem-de gül aý­man­ça­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne oý­la­ny­şyk­ly çe­me­leş­mek ze­rur­dyr di­ýip, hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «La­çyn» diý­lip at­lan­dy­ry­lan se­ýil­gä­hiň be­ze­gin­de mil­li öwüş­gin­le­riň öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, bu des­ga­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hi­li­ni we bel­le­ni­len möh­let­de tab­şy­ryl­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge berk gö­zeg­çi­lik et­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, paý­tag­ty­myz­da we tu­tuş ýur­du­myz­da tä­ze se­ýil­gäh top­lum­la­ry­ny hem-de ýa­şyl zo­lak­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ila­tyň sag­ly­gy­na oňyn tä­sir ed­ýän amat­ly eko­lo­gi­ýa gur­şa­wy­ny dö­ret­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Hormatly Prezidentimiz öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra anyk tab­şy­ryk­la­ry be­rip we iş sa­pa­ry­ny do­wam edip, Ahal we­la­ýa­ty­na bar­dy we şol ýer­de Gök­de­pe et­ra­by­nyň çä­gin­de gu­rul­ýan we­la­ýa­tyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy bi­len ta­nyş­dy.
Ýo­lug­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we­la­ýa­tyň tä­ze döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň baş me­ýil­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de bi­na edil­jek Ahal we­la­ýat ça­ga­lar mer­ke­zi­niň ýer­leş­jek ýer­le­ri­ni syn­la­dy. Bu ýer­de sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri N.Aman­ne­pe­sow top­lu­myň dü­zü­min­de bi­na edil­jek des­ga­lar, ola­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz bag­ty­ýar ça­ga­ly­gyň Wa­ta­ny hök­mün­de yk­rar edi­len Türk­me­nis­tan­da kör­pe ne­sil­le­riň saz­la­şyk­ly ös­me­gi, amat­ly dynç al­ma­gy, dün­ýä yl­my­na çuň­ňur ara­laş­ma­gy we çe­per dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin döw­let de­re­je­sin­de ala­da edil­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Bu ýer­de ça­ga­la­ryň dynç al­mak­la­ry üçin bol­şy ýa­ly, hö­wes ed­ýän hü­när­le­ri­niň en­dik­le­ri­ni ele al­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­me­li­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri N.Aman­ne­pe­so­wa de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hä­zir­ki dö­wür­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gin­le­ri bar­ha art­ýar. Mu­nuň özi döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ba­şy­ny baş­lan giň möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk-bi­na­gär­lik mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu ägirt uly tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne 2019-njy ýy­lyň ap­re­lin­de döw­let Baştutanymyzyň gat­naş­ma­gyn­da ba­dal­ga be­ril­di.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp ba­ryl­ýan ýe­ri­ne ge­len­de, mil­li Li­de­ri­mi­zi Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň kä­bir orun­ba­sar­la­ry, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­niň ýol­baş­çy­la­ry we Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi gar­şy­la­dy­lar.
Ýur­du­my­zyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi­niň gu­rul­ýan des­ga­lar di­rek­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy D.Ora­zow bu ýer­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di hem-de mil­li Li­de­ri­mi­zi tä­ze şä­he­riň baş me­ýil­na­ma­sy, bu ýer­de bi­na edil­ýän dur­muş we beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, we­la­ýat hä­kim­li­gi­niň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň eda­ra bi­na­la­ry­nyň, şeý­le hem me­de­ni­ýet top­lu­my­na de­giş­li des­ga­la­ryň, 3 müň orun­lyk Ru­hy­ýet köş­gü­niň şe­kil tas­la­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy. Milli Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da, bu ýer­de gu­rul­ýan ki­tap­ha­na we we­la­ýat ar­hi­wi­niň bi­na­la­ry hä­zir­ki za­ma­nyň ösen teh­no­lo­gi­ýa­la­ry, san­ly ul­gam bi­len üp­jün edi­ler. We­la­ýat dra­ma te­at­ry­nyň, mu­ze­ýiň bi­na­la­ry tä­ze mer­ke­ziň çä­gin­de ýer­leş­di­ril­jek «Ahal» bi­na­sy hem-de Döw­let baý­da­gy­nyň sü­tü­ni bi­len bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­ti­rer.
Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy üçin bö­lü­nip ber­len ýer­ler, şol san­da ola­ryň eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy, seýs­mik dur­nuk­ly­ly­gy hem-de beý­le­ki de­giş­li gör­ke­zi­ji­le­ri alym­lar ta­ra­pyn­dan iç­gin öw­re­nil­di. Bu ýer­de dür­li mak­sat­ly bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Döwlet Baştutanymyzyň ga­ra­ma­gy­na dur­muş ul­ga­my­na de­giş­li des­ga­la­ryň – baş­lan­gyç hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň, ýö­ri­te sun­gat we ça­ga­lar sun­gat mek­dep­le­ri­niň, sag­lyk öýü­niň, 720 orun­lyk or­ta mek­de­biň, 320 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­nyň, kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­nyň, 10 müň orun­lyk sta­dio­nyň, suw top­lu­my­nyň, se­ýil­gäh­le­riň we dynç alyş zo­lak­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry hö­dür­le­nil­di.
Bu ýer­de oba ho­ja­lyk, ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy­ýet, se­na­gat-kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lum­la­ry­na de­giş­li bi­na­la­ryň, «Türk­me­nis­tan» we «Daý­han­bank» döw­let tä­jir­çi­lik bank­la­ry­nyň we­la­ýat şa­ham­ça­la­ry­nyň, Mer­ke­zi ban­kyň we­la­ýat do­lan­dyr­ma­sy­nyň, myh­man­ha­na­nyň şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Baş me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, bu ýer­de Döw­let sir­ki, Hal­ka­ra at­çy­lyk ýo­ka­ry okuw mek­de­bi, at­çy­lyk yl­my-önüm­çi­lik mer­ke­zi, söw­da we dynç alyş mer­ke­zi, we­la­ýat Sag­ly­gy go­ra­ýyş mü­dir­li­gi­niň eda­ra bi­na­sy, 360 orun­lyk kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na, 150 orun­lyk on­ko­lo­gi­ýa mer­ke­zi, 150 orun­lyk enä­niň we ça­ga­nyň sag­ly­gy­ny go­ra­ýyş hem-de «Tiz kö­mek» mer­kez­le­ri bi­na edi­ler.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän 7 gat­ly, 28 öý­li, 56 öý­li, 42 öý­li, 9 gat­ly, 54 öý­li, 5 gat­ly, 30 öý­li we 40 öý­li ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry hö­dür­le­nil­di. Şeý­le hem bu ýer­de we­la­ýa­tyň ça­ga­lar sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi gur­lar. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, tas­la­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýe­rüs­ti ge­çel­ge­le­riň, yşyk­lan­dy­ry­jy ul­ga­myň, ýol-ulag dü­zü­mi­ne de­giş­li be­zeg­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri gör­ke­zil­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hö­dür­le­nen tas­la­ma­lar bi­len iç­gin tan­şyp, gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­me­giň hem-de ola­ry bel­le­nen möh­let­de ta­mam­la­ma­gyň des­ga­la­ryň pot­rat­çy­la­ry­na we buý­ru­jy­la­ry­na bil­di­ril­ýän üýt­gew­siz ta­lap­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, bu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­ri he­mi­şe berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Des­ga­lar gur­lan­da we ti­mar­la­ýyş iş­le­ri ge­çi­ri­len­de, ýo­ka­ry hil­li se­riş­de­ler ula­nyl­ma­ly­dyr. Şol se­riş­de­ler ýur­du­my­zyň ho­wa şert­le­ri­ni, eko­lo­gi­ýa we be­zeg ýag­daý­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, ola­ryň berk­li­gi we amat­ly­ly­gy göz öňün­de tu­tu­lyp, se­çi­lip alyn­ma­ly­dyr. Bi­na­la­ryň we des­ga­la­ryň keş­bin­de, iç­ki be­ze­gin­de mil­li bi­na­gär­li­giň aja­ýyp däp­le­ri bi­len saz­la­şyk­da bi­na­gär­lik we be­zeg ul­ga­myn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da gu­rul­ýan des­ga­la­ra aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy.
Iri möç­ber­li şä­her­gur­lu­şyk tas­la­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi se­bit­le­ri se­na­gat­laş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, hu­su­sy ul­ga­my ös­dür­mek, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge ýar­dam eder di­ýip bel­le­mek bi­len, mil­li Li­de­ri­miz eko­lo­gi­ýa ýa­ly mö­hüm äh­mi­ýet­li me­se­lä ün­si çek­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi Kö­pet­da­gyň ete­gin­dä­ki aja­ýyp ýer­de gu­rul­ýar. Şu te­bi­gy gö­zel­li­gi sak­lap gal­mak üçin «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa­la­ry giň­den ulan­mak ze­rur­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, ila­tyň äh­li amat­lyk­la­ryň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ma­gy, ne­ti­je­li iş­le­me­gi we oka­ma­gy, göw­ne­jaý dynç al­ma­gy, sport we dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň üp­jün edil­me­gi bi­len bag­ly­lyk­da, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň we in­tel­lek­tu­al ul­gam­la­ryň esa­syn­da ka­da­ly şä­her gi­ňiş­li­gi­niň dö­re­dil­me­gi­niň esa­sy ýö­rel­ge bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şeý­le­lik­de, mu­nuň özi ra­ýat­la­ry­my­zyň ýa­şa­ma­gy üçin has oňaý­ly smart si­ti – «akyl­ly» şä­her bo­lar.
«Akyl­ly» şä­her­ler kon­sep­si­ýa­sy­nyň öň­de­ba­ry­jy mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we in­ter­net se­riş­de­le­ri­niň saz­la­şy­gy­na esas­lan­ýan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Şo­la­ryň kö­me­gi bi­len şä­her dü­züm­le­ri­niň we gul­luk­la­ry­nyň do­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän bi­te­wi eko­lo­gi­ýa ul­ga­my dö­re­dil­ýär. Bu kon­sep­si­ýa tu­tuş ul­gam­la­ry özü­ne bir­leş­dir­ýär, my­sal üçin, «akyl­ly» jaý­lar, bi­te­wi mag­lu­mat­lar bin­ýa­dy hem-de kö­pu­gur­ly şä­her go­şun­dy­sy ýa­ly ul­gam­la­ry öz içi­ne al­ýar. Olar ýa­şaý­jy­la­ra tak­si­le­ri ça­gyr­ma­ga, tö­leg­le­ri ama­la aşyr­ma­ga, dür­li mag­lu­mat­la­ry al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hä­zir­ki wagt­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da hü­när­men­le­ri­mi­ziň 15 müň­den gow­ra­gy­nyň zäh­met çek­ýän­di­gi­ni aý­dyp, ola­ryň bu ýer­de top­lan tej­ri­be­si­niň Aş­ga­bat-si­ti­niň gur­lu­şy­gyn­da hem ula­ny­lyp bi­lin­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz aý­dy­lan­la­ry jem­läp, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň äh­li­si­niň ýo­ka­ry hi­li­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Döwlet Baştutanymyz bu ýer­de iş mas­la­ha­ty­ny ge­çi­rip, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry­nyň, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi­niň we beý­le­ki­le­riň ha­sa­bat­la­ry­ny diň­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, Ahal we­la­ýa­ty­nyň tä­ze eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­her me­de­ni­ýe­ti ba­bat­da hem-de eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan hem nus­ga­lyk bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de, umu­man, äh­li ýer­ler­de «akyl­ly» şä­her­ler kon­sep­si­ýa­sy­na mö­hüm üns be­ril­me­li­di­gi­ni, şä­he­riň çäk­le­rin­de eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag­la­ryň he­re­ke­ti­niň ýo­la go­ýul­ma­gy, Gün we ýel ba­ta­re­ýa­la­ry­nyň işi, yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam edip, hal­ky­my­za edil­ýän luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri­ni we de­re­je­si­ni art­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­le­re mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Şun­da «Tiz kö­mek» hyz­mat­la­ry hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­dir, bu hyz­mat­la­ra ge­lip go­wuş­ýan sar­gyt­lar we ola­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi bi­len bag­la­ny­şyk­ly we­zi­pe­ler san­ly ul­gam ar­ka­ly do­lan­dy­ryl­ma­ly­dyr. Hormatly Prezidentimiz «Tiz kö­mek» gul­lu­gy­nyň 03 bel­gi­si­ne jaň edi­len­de, nä­sa­gyň ýer­leş­ýän ýe­ri­ni ta­kyk­lap bol­ma­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da dün­ýä tej­ri­be­sin­de giň­den ula­nyl­ýan 112 ýa-da 911 bel­gi­ni sy­nag edip gör­mek ba­ra­da aýt­dy. Hu­su­san-da, 112 bel­gä jaň edi­len­de, de­giş­li gul­luk kö­me­ge mä­täç ada­myň ýer­leş­ýän ýe­ri­ni kes­git­läp bi­ler, luk­man­çy­lyk eda­ra­sy bol­sa ony has­sa­ha­na ýer­leş­di­ren­de, nä­sa­gyň luk­man­çy­lyk ki­tap­ça­sy­ny alyp bil­ýär. Mu­nuň özi luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­nyň şu gör­nü­şi­niň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gyn­da, ge­lip go­wuş­ýan sar­gyt­la­ryň äh­mi­ýe­ti­ni we onuň de­re­je­si­ni kes­git­le­mek­de has-da mö­hüm­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­mek­de döw­re­bap san­ly hyz­mat­la­ryň el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek­de hem-de şä­her dü­zü­mi­ni, ýan­gyn howp­suz­ly­gy ul­gam­la­ry­ny, kö­çe­le­riň yşyk­lan­dy­ry­ly­şy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­da de­giş­li yg­ty­bar­ly mag­lu­mat bin­ýa­dy­ny dö­ret­mek hem-de teh­ni­ki en­jam­la­ryň iş­leý­şi­ne ta­la­ba­la­ýyk gö­zeg­çi­li­gi ýo­la goý­mak ze­rur­dyr.
Mil­li Li­de­ri­miz şä­her­ler­de we ilat­ly ýer­ler­de aras­sa­çy­ly­gyň ber­jaý edil­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, «akyl­ly» şä­her­ler kon­sep­si­ýa­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de, zir-zi­bil­ler üçin «akyl­ly» gap­la­ry or­naş­dyr­mak ba­ra­da­ky pi­ki­ri aýt­dy. Se­bä­bi özü­niň gur­lu­şy bo­ýun­ça zir-zi­bil gap­lar do­lan wag­tyn­da ha­pa ýyg­naý­jy gul­luk­la­ra ha­bar gön­der­ýär­ler. Hä­zir­ki wagt­da zir-zi­bil ga­lyn­dy­la­ry­nyň dün­ýä­de uly me­se­le bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny na­za­ra al­mak bi­len, bu ba­bat­da dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­sin­den ugur alyp, ga­lyn­dy­la­ry gaý­ta­dan iş­le­ýän kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Mu­nuň özi eko­lo­gi­ýa me­se­le­si­niň oňyn çö­zül­me­gi­ni hem-de şä­her aba­dan­çy­ly­gy­nyň baş şer­ti­ni eme­le ge­ti­rer di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di we bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýo­kar­da aý­dy­lan­la­ry jem­läp, bu­la­ryň äh­li­si­niň köp de­re­je­li şä­her ul­ga­my­ny dö­ret­mä­ge, şä­her gul­luk­la­ry­nyň äh­li­si­ne san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­ma­ga ýar­dam et­jek­di­gi­ni aýt­dy we bu iş­le­ri güýç­len­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan oňyn öz­gert­me­ler ýo­ly bi­len ynam­ly öňe gi­dip, «akyl­ly» şä­her­ler kon­sep­si­ýa­sy­ny hem dur­mu­şa ge­çir­me­gi göz öňün­de tut­ýar di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Ahal we­la­ýa­ty­nyň eda­ra ediş mer­ke­zi­niň tä­ze şä­her me­de­ni­ýe­ti ba­bat­da hem, eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan hem nus­ga­lyk bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş sa­pa­ry­ny ta­mam­lap, hem­me­le­re öň­de goý­lan jo­gap­kär­li we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.