Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi häzirki wagtda ýurdumyzyň iri işewürlik bileleşigine öwrüldi. Häzirki wagtda guramanyň agzalarynyň sany 26 müň töweregi bolup, hususy kärhanalarda we telekeçilik işiniň dürli pudaklarynda müňlerçe adam zähmet çekýär.
Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe 13 ýyl doldy. Şol mynasybetli 17-18-nji martda paýtagtymyz Aşgabatda hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda sergi we maslahat geçirildi. Türkmenistanda telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, döwrebap bazar usullaryny giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň ornuny giňeltmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu barada milli Liderimiziň TSTB-niň sergisine we maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda hem aýdylýar. Iki gün dowam eden sergä oba hojalygy, azyk önümlerini gaýtadan işleýän, senagat önümçiligi, gurluşyk, gurluşyk materiallarynyň önümçiligi, IT-tehnologiýalary we logistika ulgamy, halk senetçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezdiler.Bu ykdysady gözden geçirilişiň esasy maksady hususy pudagyň giň mümkinçiliklerini açyp görkezmekden ybaratdyr. Sergi bilen bir hatarda geçirilen maslahatda hususy bölegiň öňünde duran düýpli döwlet maksatnamalary boýunça wezipeleri durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň içerki bazarlaryny ýokary hilli taýýar önümler bilen üpjün etmekde telekeçileriň orny barha ýokarlanýar. Hakykatdan hem birleşmäniň agzalary dürli pudaklary ösdürmäge, içerki we daşarky bazarda ýokary bäsdeşlige ukyby bolan önümleri öndürmek boýunça innowasion önümçilikleri döretmäge işjeň gatnaşýarlar. Olar täjirçilik, jemgyýetçilik iýmiti, oba hojalygy, azyk, dokma senagaty, tikinçilik ýaly pudaklarda, mebel, aýakgap önümçiliginde we beýleki ugurlarda zähmet çekýärler. Hususy sektoryň wekilleri bilim, bedenterbiýe we sport ugurlary boýunça uly işleri alyp barýarlar, mahabat we neşirýat hyzmatlaryny edýärler.
TSTB-niň döredilen gününden bäri döwlet-hususy telekeçilik gatnaşyklarynyň üstünligine we geljeginiň uludygyna şaýatlyk edýän iri taslamalaryň ençemesi amala aşyryldy. Diňe geçen ýyl hususy ulgamyň wekilleri senagat önümleriniň öndürilýän möçberini 103,5 göterim, oba hojalyk we azyk önümlerini 134 göterim artdyrdylar. Haryt dolanyşygy 103,7 göterim, ilata edilýän hyzmatlar 110,1 göterim ýokarlandy.
Statistika baradaky döwlet komitetiniň maglumatlaryna görä, ykdysadyýetiň hususy ulgamynda ilatyň 50,3 göterimi zähmet çekýär, döwlet-hususy görnüşdäki kärhanalarda bolsa, ilatyň 22 göterimi işleýär.
Ykdysadyýetiň döwlet bölegini azaltmak boýunça wezipe milli Liderimiziň döwlet eýeçiligini yzygiderli hususylaşdyrmak baradaky umumy strategiýasyna girýär, munuň özi hususy ulgamyň ornuny pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Hususy işewürligiň kärhanalary möhüm durmuş wezipesini çözmek bilen, ilatyň iş bilen üpjünçilik meselesini amal edýär. Şunda hususy telekeçilik ulgamynda işleýän zenanlaryň sanynyň umumy mukdarda 54,3 göterime barabardygy bellärliklidir.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär, bu bolsa, ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagyna hem-de hojalygy dolandyrmagyň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan dünýäniň iň durnukly ösýän döwletleriniň hatarynda ornuny pugtalandyrýar. Bu ugurda belent sepgitlere ýetilmeginde ykdysadyýetiň hususy ulgamynda amala aşyrylýan özgertmelerden ruhlanyp zähmet çekýän telekeçileriň hem mynasyp goşandy bar.
Serginiň baş maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki üstünlikleri hem-de mümkinçilikleri, düýpli özgertmeleri, onuň innowasion binýadyny, esasy zat bolsa, döwletiň we hususy bölegiň hyzmatdaşlygynyň netijeliligini açyp görkezmekden ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlygyň özeninde bolsa eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek wezipesi durýar.
Şirin MAHMYDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.