“Real Madrid” toparynda Florentino Pereziň ýaňadandan klubuň prezidenti wezipesine saýlanmagyndan soň täze tälimçisi resmi ýagdaýda mälim edildi. Möwsümiň ahyrynda Peres portugaliýaly ussat tälimçi Žoze Mourinionyň topary türgenleşdirjekdigini habar beripdi. Diňe resmi beýanat üçin saýlawlaryň tamamlanmagyna garaşylypdy. Ahyrynda-da “Real Madridde” 2-nji Žoze Mourinio döwri başlandy. 63 ýaşyndaky hünärmen madridliler bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu Mourinionyň ispan klubundaky 2-nji başdan geçirmesi bolar.
Ol 2010-13-nji ýyllar aralygynda “Real Madride” 3 möwsüm tälimçilik edipdi. Şol döwürde “Real” onuň tälimçiliginde 178 oýnuň 128-sinde ýeňiş gazandy, 22-sinde ýeňildi (28 deňlik). 71,91 göterimlik ýeňiş gazanan “Real Madrid” 475 gol geçirip, 168 gol geçirtdi. “Real” Mourinio bilen Ispaniýanyň çempionlygyny, Şa Kubogyny hem-de Ispaniýanyň Super Kubogyny gazanypdy.
Karýerasy boýunça “Benfika”, “Uniao de Leiria”, “Porto”, “Çelsi”, “Inter”, “Mançester Ýunaýted”, “Tottenham”, “Roma” hem-de “Fenerbahçe” klublaryny türgenleşdiren Mourinio 3-nji gezek bir klubuň 2-nji sapar tälimçisi bolýar. Ýagny Mourinio mundan öň “Benfikany” hem-de “Çelsini” 2 dürli döwürde türgenleşdiripdi.
PDF









