Ýewropa Komissiýasy 2027-nji ýyla çenli innowasiýa ösüş pudagynda ylmy we barlag işlerine 10 milliard ýewro maýa goýmagy maksat edinýär. Bu barada Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen Ýewropa innowasiýa geňeşiniň (EIC) açylyşynda aýtdy.
– Ýewropa innowasiýa geňeşiniň çäklerinde 2027-nji ýyla çenli ýokary mümkinçiligi bolan kiçi we orta kompaniýalary maliýeleşdirmek maksady bilen 10 milliard ýewro bölüp berýäris. Geljegiň tehnologiýalary barada pikirleri bolan innowasiýa boýunça iş alyp barýan hünärmenlere goldaw bereris – diýdi.
Onuň sözlerine görä, şu ýylyň dowamynda maksatnamanyň çäginde kiçi we orta kärhanalary we başlangyç kärhanalary goldamak üçin 1,5 milliard ýewro bölüp bermek meýilleşdirilýär. Bu serişdeleriň azyndan ýarysy Ýewropa Bileleşiginiň Ýaşyl şertnamasynyň çäklerindäki taslamalara, şol sanda, sanly tehnologiýalary we saglygy goraýyş pudagy boýunça innowasiýalary ösdürmäge gönükdiriler.
– 14 ýyl ozal iň gowy ylmy tejribä esaslanýan öňdebaryjy barlaglary goldamak üçin Ýewropa barlag geňeşini döretdik. Häzirki wagtda biziň esaslandyrýan Ýewropa innowasiýa geňeşimiz, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we innowasiýalaryň ösmegine goldaw bermekde güýçli hyzmatdaş bolar. Ýewropa barlag geňeşiniň işe girizilmegi bilen, Ýewropanyň barlag we innowasiýa gurşawy emele geler. Men Ýewropany innowasiýa üçin açyk diýip yglan edýärin – diýip Ursula fon der Lýaýen aýtdy.
Habar berlişi ýaly, 2020-nji ýylyň dekabrynda Ýewropa Bileleşigi pandemiýa bilen baglanyşykly emele gelen ýagdaýa maliýe jogap bukjasyny tassyklady. Ýewropa Komissiýasynyň meýilnamalaryna laýyklykda, Ýaşyl ylalaşygyň we sanly üýtgeşmeleriň çäginde innowasion tehnologiki ösüş arkaly emele gelen ýagdaýdan has güýçli we bäsdeşlige ukyply ýagdaýda baş alyp çykmak meýilleşdirilýär.