Dünýäniň dürli ýerlerinde tylla gümmezli, taryhy ýadygärliklerdir özboluşly yşyklar bilen bezelen biri-birinden täsin desgalar bar. Uly ýollaryň çatrygynda, seýilgählerde, deňiz kenarynda ýerleşýän suw çüwdürimleri hem şäherlere aýratyn bezeg berýär. Bu makalamyzda ajaýyplygy, özüneçekijiligi bilen haýran galdyrýan çüwdürimler baradaky birnäçe maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris.
«Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy: halkymyzyň guran beýik-beýik, depesi göge ýetýän binalary pederlerimiziň binagärlik senediniň köküni gaty alyslardan alyp gaýdýandygyndan habar berýär. 2008-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabadyň Halkara howa menziline barýan şaýoluň çatrygynda nesilbaşymyz Oguz han we onuň ogullarynyň bürünç heýkelleri oturdylan suw çüwdürimler toplumy açyldy. Howa ýoly arkaly ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň ünsüni bada-bat özüne çekýän bu täsin toplum 2010-njy ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Toplum 27 sany kiçi çüwdürimden ybarat bolup, ol şanly Garaşsyzlygymyzyň gazanylan senesini aňladýar. Guşuçar belentlikden seredeniňde, toplumyň ýapraklary 12 tarapa ýaýraýan güle meňzäp, ol hemişelik Bitaraplygymyzyň senesini alamatlandyrýar. Binagärlik-heýkeltaraşlyk toplumynyň yşyklandyryş ulgamy Gün energiýasy bilen işleýär.
«Je Do» suw çüwdürimi: bu suw çüwdürimi 1886-njy ýylda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň 600 ýyllygy mynasybetli gurulýar. Ýurduň Ženewa şäherinde 1891-nji ýylda köpçüligiň görmegi üçin suw çüwdüriminde gaýtadan abatlaýyş işleri geçirildi. Ilkibaşda bu suw çüwdürimi 90 metre çenli ýokary pürkülýän eken. 2003-nji ýyldan bäri suw çüwdürimi, güýçli ýel we sowuk bolmadyk günlerde her gün işledilýär. Ženewa kölündäki çüwdürim, şäheriň möhüm ýadygärligi we dünýäniň iň uly çüwdürimleriniň biri bolup, häzirki wagtda onuň suwy 147 metre çenli ýokary pürkülýär. Bu ýerde sekuntda 500 litr suw akdyrylýar. Millionlarça howa köpürjikleri asmanda älemgoşary emele getirip, gezelenje gelen adamlary özüne maýyl edýär.
«Baýlyk» suw çüwdürimi: täsin binagärlik eserleri bilen tapawutlanýan Singapuryň «Suntec» söwda toplumynyň çäginde ýerleşýän suw çüwdürimler toplumy halka görnüşli iň uly çüwdürim hasaplanýar. Günüň belli wagtynda işledilmeýän çüwdürim gijelerine lazer şöhleleri bilen bezelýär. Toplum her gün agşam sagat 8-den 9-a çenli janly ýerine ýetirilýän aýdym-sazlar bilen myhmanlary garşy alýar. 1995-nji ýylda gurlan çüwdürim 1998-nji ýylda öz ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy.
«Trewi» suw çüwdürimi: Rimdäki iň uly çüwdürimiň uzynlygy 25,9 metre, ini 49,8 metre barabar. Çüwdürim 1732-1762-nji ýyllarda Nikolo Salwi tarapyndan Palazzo Poli binasyna ýanaşyk görnüşde gurlupdyr. Rimiň merkezi böleginde Kwirinal depesiniň günbatar eňňidinde ýerleşýän Trewi çüwdürimi owadanlygy we ýyllarboýy onlarça filmde görkezilendigi üçin dünýäde iň meşhur çüwdürimleriň biri hasaplanýar. Taryhy çüwdürimler toplumyny gorap saklamak üçin her ýylda 2,9 million dollara barabar pul sarp edilýär.
Burj Halifa çüwdürimi: Dubaýyň merkezinde 12 gektardan gowrak meýdany eýeleýän, emeli kölde ýerleşýän suw çüwdürimini Kaliforniýanyň WET kompaniýasy işläp taýýarlady. Ol Las-Wegasdaky Bellagio myhmanhanasynyň öňündäki aýdym-sazly çüwdürime meňzeýär. Dünýädäki bu iň uly we iň beýik suw çüwdürimi 275 metre çenli suw pürkýär. Bu, takmynan, 50 gatly binanyň beýikligine deňdir. 25 reňkli 6600 çyra arkaly yşyklandyrylýan çüwdürimde dürli öwüşginli şöhleler arkaly aýdym-sazly çykyşlar guralýar.