Rus rubllary ýakyn ýyllarda täze dizaýna eýe bolar. Russiýa Banky, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli döwürde 10, 50, 100, 500, 1000 we 5000 rubl banknotlaryny täzelär. Bu barada Merkezi bankyň internet sahypasynda habar berildi.
Rus banknotlarynyň diňe bir reňkleriniň däl, eýsem, ondaky şäherleriň, ýadygärlikleriň, binalaryň şekilleriniň hem üýtgedilmegi göz öňünde tutulýar. 200 we 2000 kagyz pullarynyň dizaýny öňküligine galar. Sankt-Peterburg we Moskwa şekillendirilen 50 we 100 rubl kagyzlarynda öňki şäherleriň suratlary galar. Şeýle-de bolsa, banknotlaryň dizaýny üýtgediler. Döwrebaplaşdyrylan banknotlaryň 2022-2025-nji ýyllarda dolanyşyga girizilmegine garaşylýar.
Rus rubllarynyň özgerdilmegine itergi berýän zat, diňe bir daşky görnüşi däl-de, eýsem, gorag ulgamyny kämilleşdirmek zerurlygyndan ugur alynýar. Rus rubllarynyň iň soňky gezek täzeleneninden bäri 10 ýyl geçdi. Russiýanyň Merkezi bankynyň habaryna görä, köne nusgadaky rubllar 2035-nji ýyla çenli dolanyşykdan galar.