“Tesla” kompaniýasy 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde awtoulag satuwy barada maglumat ýaýratdy. Elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy ýylyň üç aýynda 184 müň 800 sany ulag satdy. Firma “Model 3” we “Model Y” ulaglaryndan 182 müň 780, ýokary derejeli modeller bolan “Model S” we “Model X” 2 müň 20 sanysy müşderilere ýetirdi. “Tesla”-nyň ýolbaşçylary Hytaýda “Model Y” ulaglarynyň ýokary islegden peýdalanýandygyny we täzelenen “Model X” we S modelleriniň önümçiligini çaltlaşdyrmagyny dowam etdirjekdiklerini mälim edýär. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl pandemiýa sebäpli awtoulag senagatyndaky önümçilik pese gaçypdy. Bu ýyl önümçilik desgalary gaýtadan açylan hem bolsa, ýarymgeçiriji önümleriň ýetmezçiligi wagtal-wagtal awtoulag zawodlarynda önümçiligiň togtamagyna getirýär. Ýylyň birinji çärýeginde beýleki iri awtoulag öndürijileri ýaly “Tesla” hem şeýle bökdençlik bilen ýüzbe-ýüz boldy.