Aprel aýynyň gelendigine garamazdan, ýagyşly möwsüm dowam edýär. Ýagyşly howada adam gözelligine gözellik goşýan, hususan-da gelin-gyzlara bezeg berýän saça dogry ideg etmegiň ähmiýeti has hem artýar. Ýagynly howada saçy goramagyň käbir usullaryny salgy berýän maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Saýawan ulanyň!
Saçy ýaz ýagyşlaryndan goramak üçin ýan torbaňyzda saýawan göteriň! Saýawan saçy ýagyşdan goraýar we salkyn howada saçyňyzy sowukdan goraýar. Mundan başga-da ýagyş suwy saçyň has çalt ýaglanmagyna sebäp bolýar.
Saçyňyzy köp ellemäň!
Ýagşa ezilen saçyňyza eliňizi aşa köp degirseňiz görnüşiniň ýitmegine we ýaglanmagyna sebäp bolýar.
Nemlendiriň!
Saça ideg etmekde iň möhüm ädim nemlendirmekdir. Esasanam, ýagyşly howada saçy nemlendirmek saçyňyzyň tebigylygyny, durnuklylygyny saklamaga ýardam berer. Ýagyş suwy saçyňyza zyýan ýetirmez ýaly nemlendiriji melhemleri gözkezilýän tertipde ulanyň! Şeýle-de bolsa bu önümleri aşa köp ulanmaň! Saçyňyza aşa köp önüm ulanmak onuň erbet görünmegine we çalt ýaglanmagyna sebäp bolýar.
Guradyň!
Ýagyşly günlere çykmazdan ozal saçyňyzy ýuwan bolsaňyz, ony oňat guradyň! Ýagyşly günlerde saç elektriklenýär, has köp çişýär. Şeýle ýagdaýlarda lukmanlar tarapyndan maslahat berilýän argan ýagyny ulanmaklyk sizde dörän we döräp biläýjek ýagdaýlaryň öňüni almaga kömek eder. Şeýle hem ýagyşly günlerde saçy düzleşdiriji we saç guradyjy enjamlary köp ulanmazlyk maslahat berilýär.
Hanjar NURGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.