Saud Arabystany Patyşalygynyň demirgazygynda ýerleşýän Sakaka şäherindäki adybir stansiýada Gün energiýasyny öndürmek boýunça taslama ýola goýuldy. Mundan başga-da, ýurduň häkimiýeti Patyşalygyň dürli sebitlerinde ýene-de ýedi sany Gün elektrik stansiýasyny gurar. Bu barada Saud Arabystanynyň mirasdüşer şazadasy Muhammed ben Salman ben Abdulaziz Al Saud habar berdi.
– Bu gün Sakaka taslamasynyň işe girizilişine şaýat bolýarys. Bu Patyşalykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek ugrundaky ilkinji ädimimizdir – diýip, Saud Arabystanynyň habar gullugy mirasdüşer şazada salgylanyp mälim etdi. Habar gullugy mirasdüşer şazadanyň sözlerine esaslanyp, ýakyn wagtda munuň «Dumat al-Jandal» ýel parkynyň taslamasy bilen üstüniň ýetiriljekdigini belledi. Mundan başga-da, «Patyşalygyň dürli sebitlerindäki ýedi täze Gün elektrik stansiýasyndan elektrik üpjünçiligi şertnamalaryna» gol çekilendigini habar berildi.
– Täze ýedi stansiýanyň kuwwaty, takmynan, 3600 megawata ýeter, 600 müňden gowrak öýi energiýa bilen üpjün eder we zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny 7 million tonna azaldar. Täze desgalaryň gurluşygy bilen baglanyşykly beýleki jikme-jik maglumatlar ýakyn wagtda yglan ediler – diýip, mirasdüşer şazada aýtdy.
– Birnäçe hepde öň, «Ýaşyl Saud» we «Ýaşyl Ýakyn Gündogar» başlangyçlary yglan edildi. Öňdebaryjy nebit öndüriji hökmünde howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde jogapkärçiligimiziň bardygyna düşünýärin. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda işjeň rol oýnamagymyzy dowam etdireris – diýip, Muhammed ben Salman ben Abdulaziz Al Saud aýtdy.
Şeýle hem ol täze taslamalaryň 2016-njy ýylda kabul edilen Saud Arabystanynyň «Saudi Vision 2030» strategik maksatnamasynyň bir bölegidigini sözüniň üstüne goşdy. Hususan-da, bu maksatnama laýyklykda, 2030-njy ýyla çenli Patyşalykda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýy öndürilen energiýa çeşmeleriniň umumy mukdarynyň 50%-ine barabar bolar diýlip çaklanylýar.