Norwegiýanyň gaznasy «Norges Bank Investment Management» (NBIM) gaýtadan dikeldilýän energiýa taslamasyna ilkinji gezek maýa goýdy we Niderlandlardaky deňiz ýel parkynyň 50% paýyny 1,4 milliard ýewro (1,6 milliard dollar) satyn aldy. Bu barada gaznanyň hasabatynda mälim edilýär.
NBIM Niderlandlardaky «Borssele 1&2» deňiz ýel parkyndan 50% paý almak barada şertnama baglaşdy. Bu geleşigiň 2021-nji ýylyň ikinji ýa-da üçünji çärýeginde tamamlanmagyna garaşylýar. Geleşigiň mukdary 1,375 milliard ýewro deň.
Paýyny satýan «Orsted A/S» ýel parkyndaky paýyna eýeçilik etmegini dowam etdirer we onuň operatory bolup galar. «Borssele 1&2» ýel parkynyň kuwwaty 752 MWt bolup, Niderlandlarda bir milliona golaý maşgalanyň ýyllyk sarp edişine deň elektrik öndürýär.
«Täzelenýän energiýa üçin infrastruktura ilkinji maýa goýumlarymyzy goýýanlygymyza we deňizdäki ýel energiýasy bazarynda lider hökmünde tanalýan «Orsted» bilen hyzmatdaşlyga begenýäris. «Borssele 1&2»-niň deňiz ýel energiýasynda işjeň aktiwleri bolup, ondan paý almak ýel we gün energiýasyny öndürmek boýunça ýokary hilli aktiwleriň bukjasyny döretmek strategiýamyza laýyk gelýär» diýlip, NBIM-iň aktiwleri Dolandyryş boýunça müdiri Miýe Holstadyň sözleri beýanatda getirilýär.
Norwegiýanyň häkimiýeti ýurduň gaznasyna 2019-njy ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýa infrastrukturasyna maýa goýmaga rugsat berdi. Norwegiýanyň özygtyýarly gaznasy ýa-da NBIM, ýurduň Merkezi bankynyň aktiwleri dolandyrmak işine jogapkär maýa goýum edarasy bolup, dünýädäki iň uly maýa goýum gaznalarynyň biridir.
NBIM Norwegiýanyň Döwlet pensiýa gaznasyny we ýurduň Merkezi bankynyň walýuta ätiýaçlyklarynyň köpüsini dolandyrýar. Beýlekiler bilen birlikde gaznada «Microsoft», «Apple», «Nestle SA», «Alphabet», «Amazon», «Royal Dutch Shell», «Nowartis», «Facebook» ýaly kompaniýalaryň gymmatly kagyzlary bar.