Hytaýyň häkimiýetleri gatnadyjy kompaniýalara we müşderilere anyk talaplaryny beýan edensoň, ýurt gyssagly eltiş pudagynda ekologik taýdan gaplaýyş usullaryny işjeň ösdürýär. Bu barada ýurduň Döwlet poçta gullugy (DPG) habar berdi.
– Gatnadyjy kompaniýalar hökümet tarapyndan kesgitlenen ülňülere laýyk gelýän gaplaýyş materiallaryny ulanmalydyrlar, gaýtadan ulanyp boljak materiallary ileri tutmalydyrlar – diýip, DPG-niň wekili Guan Aýguan, posylkalary we ekspress posylkalary gaplamak maksady bilen täze talaplaryň güýje girýändigi baradaky geçirilen metbugat ýygnagynda belläp geçdi.
Gatnadyjy kompaniýalar ýelimli lenta ýaly az materiallary ulanmaga tagalla edip, has tygşytly we ekologik gaplaýyş usullaryny ulanmalydyrlar. Guan Aýguan çalt eltip bermek hyzmatlarynyň müşderileriniň hem ekologik gaplama goldaw berip, täze düzgünleri berjaý etmelidigini, hereket edýän kanunlara we düzgünlere laýyk gelmeýän materiallary ulanmakdan saklanmalydygyny aýtdy.
Guan Aýguan DPG-niň şu aýda gereginden artyk gaplaýyşy çäklendirmäge gönükdirilen bir ýyllyk kampaniýa başlamagy meýilleşdirýändigini aýdyp, gereksiz gaplaýşy çäklendirmek maksady bilen bu pudak üçin resmi standartlaryň işlenip düzüljekdigini aýtdy.
Şu ýylyň aprel aýynyň başyna çenli Hytaýda 20 milliarddan gowrak posylka gyssagly eltiş hyzmatlary tarapyndan gaplanyldy. Maglumatlara görä, her gün ortaça 240 million ekspress iberilýär. DPG-niň çaklamasyna görä, şu ýyl Hytaýda 95 milliarddan gowrak posylka gaplanar.