Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) nebit bazary barada aýlyk hasabatyny çap etdi. Dünýäde nebite bolan islegiň çaklamasy mart aýyndaky hasabat bilen deňeşdirilende, günde 100 müň barrele çenli ýokarlandy. OPEK-iň hünärmenleriniň pikiriçe, pandemiýa garşy göreşde gazanylan üstünlikler we birnäçe ýurduň höweslendiriji syýasatlary dünýä ykdysadyýetiniň durnukly dikelmegine oňyn täsir edýär.
OPEK-iň hasabatyna görä, 2021-nji ýylda dünýäde nebite bolan isleg günde 96,5 million barrele ýeter, bu bolsa geçen ýyldakydan 6 million köpdür. Ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde has güýçli ykdysady dikeldişe garaşylýar, bu bolsa nebite bolan islegi artdyrar.
Hasabatyň awtorlary, dürli ýurtlarda ilatyň sanjym edilmegi bilen ykdysadyýetiň ösüşine päsgel berýän faktorlaryň täsiriniň azaljakdygyny belleýärler. Mundan başga-da, dünýäniň köp ýurtlary ýylyň ikinji ýarymynda ykdysady dikeldiş işlerini goldamaga görlüp-eşidilmedik derejede ýardam bererler. Şeýle-de bolsa, Ýewropa ýurtlarynda çäklendirmeleriň güýçlendirilmegine sebäp bolan pandemiýa hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasyna girmeýän ýurtlarda birinji çärýekde nebite bolan islegiň pesligi sebäpli, OPEK-iň hasabatyndaky çaklamada ýylyň birinji ýarymynda dünýäniň nebite bolan islegi pese düşdi. OPEK-iň hünärmenleriniň pikiriçe, ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara netijeli gözegçilik edilse, 2021-nji ýylda global ykdysady ösüş ozalky çak edilýän derejeden 5,1 göterimden 5,4 göterime çenli ýokarlanar.