«Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry we Hy­taý, ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti­niň ho­wa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýö­ri­te we­ki­li Jon Ker­ri­niň hy­taý­ly kär­de­şi Se Çžen­hua bi­len du­şu­şy­gyn­dan soň bi­le­lik­dä­ki be­ýan­na­ma­ny ka­bul edip, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek we kli­mat bo­ýun­ça Pa­riž şert­na­ma­sy­nyň düz­gün­le­ri­ni dur­mu­şa ge­çir­me­giň ta­rap­da­ry­dy­gy­ny mä­lim et­di­ler» di­ýip, ABŞ-nyň döw­let de­par­ta­men­ti­niň be­ýa­na­tyn­da bel­le­nil­ýär.
«ABŞ we Hy­taý Pa­riž şert­na­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mek maksady bilen beý­le­ki­ler bi­len iş­leş­me­gi çyn­la­kaý ni­ýet edin­ýär­ler – diý­lip be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
Ýurt­lar ho­wa kri­zi­si­ni çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len bir­nä­çe çä­re­le­ri ber­jaý et­me­gi mak­sat edin­ýär­ler: Glaz­go­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra sam­mi­te çen­li «ug­le­ro­dyň bi­ta­rap­ly­gy­ny» ga­zan­mak üçin uzak möh­let­le­ýin stra­te­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­mek, ös­ýän ýurt­lar­da gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa ma­ýa go­ýum­la­ry­ny has-da kö­pelt­mä­ge ta­gal­la et­mek we gid­rof­to­rug­le­rod­la­ry ön­dür­me­gi we sarp et­me­gi tap­gyr­la­ýyn azalt­mak göz öňün­de tu­tul­ýar.
«Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry we Hy­taý, COP 26-a bar­ýan ýol­da we on­dan soň­ky dö­wür­de Pa­riž şert­na­ma­sy bo­ýun­ça yla­la­şy­lan gyz­gyn­lyk de­re­je­si­niň çä­gi­ne has ýa­kyn­laş­mak üçin zy­ňyn­dy­la­ry azalt­mak bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­ma­gy do­wam et­di­rer­ler» diý­lip, be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
Ta­rap­lar ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek üçin edil­ýän ta­gal­la­la­ryň hal­ka­ra for­mat­la­ry­ny, şol san­da 22-23-nji ap­re­lde ge­çi­ril­me­gi bel­le­ni­len ABŞ ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nan wir­tu­al kli­mat sam­mi­ti­ni ma­kul­la­dy­lar.