Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi Ýew­ro­pa­nyň gel­je­gi kon­fe­ren­si­ýa­sy üçin köp dil­li san­ly plat­for­ma­nyň işe gi­ri­zi­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bu plat­for­ma ar­ka­ly Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi ýurt­la­ry­nyň ra­ýat­la­ry öz pi­kir­le­ri­ni aý­dyp we Ýew­ro­pa­nyň gel­je­gi üçin tek­lip­ler hö­dür­läp bi­ler­ler. Ýew­ro­pa­nyň gel­je­gi ba­ra­da­ky kon­fe­ren­si­ýa­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti Brýus­sel­de met­bu­gat ýyg­na­gy­ny ge­çi­rip, san­ly plat­for­ma­nyň açy­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan ha­ba­ra gö­rä, plat­for­ma 24 dil­de iş­le­ýär, bu ýer­de ÝB-e ag­za ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, daş­ky gur­şaw, sag­lyk, san­ly üýt­geş­me­ler, me­de­ni­ýet, bi­lim we beý­le­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça öz pi­kir­le­ri­ni paý­la­şyp, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň mak­sat­na­ma­la­ry has go­wy iş­läp düz­me­gi­ne we gel­jek­dä­ki ösüş ugur­la­ry­ny kes­git­le­mä­ge ýar­dam be­rer­ler. Bu plat­for­ma di­ňe bir Ýewropa Bileleşigi ýurt­la­ry­nyň ra­ýat­la­ry üçin däl, eý­sem, bu sebitiň dür­li gu­ra­ma­la­ry, par­la­ment­le­ri, ýer­li hä­ki­mi­ýet­le­ri we jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry üçin hem açyk­dyr.
Ýew­ro­pa Par­la­men­ti­niň baş­ly­gy Da­wid Sas­so­li bu plat­for­ma­nyň ÝB-niň ra­ýat­la­ry­ny çek­mek we ola­ra Ýew­ro­pa­nyň gel­je­gi ba­ra­da ses ber­mek üçin mö­hüm gu­ral­dy­gy­ny aý­dyp, ola­ryň ses­le­ri eşi­di­ler we ka­rar ka­bul et­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bo­lar diý­di.
Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň baş­ly­gy Ur­su­la fon der Lýa­ýen, plat­for­ma­nyň ýew­ro­pa­ly­la­ry wir­tu­al usul­da bir­leş­dir­mek üçin oňat müm­kin­çi­lik dö­red­ýän­di­gi­ni, her ki­miň Ýew­ro­pa­nyň gel­je­gi­ni düz­mä­ge go­şant go­şup bil­jek­di­gi­ni aýt­dy.
Ýew­ro­pa­nyň gel­je­gi ba­ra­da­ky kon­fe­ren­si­ýa­nyň esa­sy mak­sa­dy ÝB-ne ag­za ýurt­la­ryň ra­ýat­la­ry bi­len res­mi gur­luş­la­ryň ara­syn­da ara­gat­na­şyk üçin plat­for­ma dö­ret­mek­den we Lis­sa­bon şert­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tul­ma­dyk ÝB-niň öňün­de dur­ýan kyn­çy­lyk­la­ry gi­ňiş­le­ýin ara alyp mas­la­hat­laş­mak­dan yba­rat­dyr.