Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Tomus paslynda Gün şöh­le­si Ýe­re has tiz we has güýç­li ýet­ýär. Şöh­lä­niň zy­ýan­ly tä­sir­le­ri de­ri­de teg­mil­le­riň dö­re­me­gi, ga­ral­mak we gy­zar­mak ýa­ly ýag­daý­la­ry ýü­ze çy­kar­ýar. Gü­nüň bu zy­ýan­ly tä­sir­le­ri soň­ky ýyl­lar­da has köp ha­sa­ba alyn­ýar. Ga­ze­ti­mi­ziň bu sa­nyn­da hü­när­men­ler ta­ra­pyn­dan mas­la­hat be­ril­ýän Gü­nüň de­rä ýetirýän tä­si­ri we go­rag usul­la­ry ba­ra­da käbir mas­la­hat­la­ry­ si­ze ýetirýäris:
Gü­n şöhlesiniň tä­sir­i
Gü­nüň gyz­ýan döw­rün­de şöh­le­si­niň gö­ni we gy­tak­la­ýyn düş­me­gi kä­bir oňaý­syz se­bäp­le­ri­ ýü­ze çy­kar­ýar. Ýi­ti şöh­lä­niň zy­ýan­ly tä­sir­le­ri de­ri­niň abat­la­ýyş uky­by­ny gi­jik­di­rip, al­ler­gi­ýa dö­re­dip bi­lýär. Bu tä­sir­le­re du­çar bol­maz­lyk üçin äh­li ýaşdaky adamlar gü­neş­den go­ran­ma­ly­dyr.
Günüň çür depede wagty da­şa­ryk çyk­maň!
Gün şöh­le­si­niň Ýe­re per­pen­di­kul­ýar düş­ýän wag­ty bolan 11.00 – 16.00 ara­ly­gyn­da da­şaryk çyk­mak­ mas­la­hat be­ril­me­ýär. Ze­rur ýag­daý ýü­ze çy­kan­da bol­sa, Günden goraýan açyk reňk­li giň eşik­le­ri, baş­gap­la­ry geý­me­li. Esa­sa­nam, ça­ga­lar üçin Gün go­ra­gy­nyň müm­kin bol­ma­dyk ýer­le­rin­de ýa-da dynç alyş gün­le­rin­de fi­zi­ki go­rag bi­rin­ji orun­da dur­ýar.
Dog­ry eşigi saý­laň!
Gün­den ga­ça dur­ma­gyň müm­kin bol­ma­dyk ýe­rin­de eşik saý­la­mak mö­hüm­dir. Kel­lä­ni we göz­i go­ra­mak üçin Gün äý­nek­le­ri­ni dakynyp, baş­gap­la­ry we açyk reňk­li eşik­leri geýmek göz öňün­de tu­tul­ma­ly­dyr. Ça­ga­la­ry­ňyz üçin eşik saý­la­ny­ňyz­da, ýa­rym ýeň­li köýnekçe saý­lap, ola­ryň aýak­la­ry­nyň açyk ýer­le­ri­niň, gol­la­ry­nyň, ýü­zü­niň we boý­nu­nyň yzy­gi­der­li Gün­den go­raý­jy mel­hem bi­len üp­jün edil­me­gi­ne üns be­riň!
Dog­ry melhe­mi saý­laň!
Fi­zi­ki süz­güç­li ýiti şöh­le­den go­ra­ýan mel­hem­ler de­ri­de güýç­li päs­gel­çi­lik dö­red­ýän hem bol­sa, de­rä zy­ýan ber­me­ýär. Adat­ça, bu hi­li mel­hem­ler dü­zü­min­de ti­ta­ni­um di­ok­si­di ýa-da sink ok­si­di ýa­ly saglyk üçin zyýansyz mad­da­la­ry sak­la­ýar. Der­ma­to­log­lar ça­ga­la­ra fi­zi­ki süz­güç­le­ri öz içi­ne al­ýan mel­hem­le­ri mas­la­hat ber­ýär­ler. Ok­si­ben­zon we pa­ro amin ben­zo­ik kis­lo­ta­sy­ny öz içi­ne al­ýan mel­hem­ler, esa­sa­nam, uly we or­ta ýaş­ly adam­la­ra mas­la­hat be­ril­ýär. Eger-de te­ni­ňiz ýa-da ýü­zü­ňiz aşa köp ýa­nan bol­sa ha­ýal et­män luk­ma­na ýüz tu­tuň!
Mör-mö­jek­le­riň çakmagyn­dan go­ra­nyň!
Dag­lyk we ke­nar­ýa­ka se­bit­le­rin­de çy­byn­lar we ary­lar ys­sy­nyň ara­laş­ma­gy bilen kö­pel­ýär­ler. Çy­byn­la­ryň, ary­la­ryň we dür­li mör-mö­jek­le­riň çakmagynyň öňü­ni alýän spreý­le­ri ulan­ma­ly. Mör-mö­jek­le­riň çakmagy netijesinde eme­le ge­len çi­şiň üs­tü­ne des­si­ne buz go­ýup kö­şeş­dir­me­li. Mümkin bolan gysga wagtda luk­ma­na ýüz tut­mak­ mas­la­hat be­ril­ýär.