Hormatly Prezidentimiziň oňyn hem-de parahatçylyga ýugrulan halkara başlangyçlary iş ýüzünde üstünlikli amal edilýär. Milli Liderimiziň baştutanlygynda Birleşen Milletler Guramasy bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýokary depginde ösdürilýär. Ýurdumyzy ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda köp sanly möhüm Kararnamalar kabul edilýär.
Ýaňy-ýakynda BMG-den ýene-de bir hoş habar gelip gowuşdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-siniň bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi bolsa ýurdumyza bildirilýän belent ynamyň nyşanydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz bu başlangyjy 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň çäklerinde eden çykyşynda öňe sürüpdi. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi paýtagtymyz Aşgabatda hereket edýär. Bu merkez hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen 2007-nji ýylda açylypdy. Onuň esasy maksady Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy gazanmaga gönükdirilendir.
Merkez sebitde durnukly ösüşiň üpjün edilmegi, energetika, ekologiýa, ulag-üstaşyr geçelgeleri ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine özüniň önjeýli goşandyny goşýar. Bu merkez Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýär.
Umuman, ýurdumyz halkara bileleşiginiň jogapkärli agzasy bolmak bilen, durnukly ösüşi, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gazanmak üçin halkara işlerinde syýasy-diplomatik gurallarynyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini elmydama netijeli ulanýar.
BMG-den gelip gowşan hoş habarlaryň üsti ýene-de ýetirildi. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022-2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG-Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy. Mundan başga-da, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021-2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň we ykdysady edaralarynyň düzümine eýýäm birnäçe gezek saýlanyldy. Şolaryň hatarynda BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan EKOSOS, Ilat we ösüş boýunça komissiýa, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA), BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasy, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti we beýlekiler bar.
Şeýlelikde, Türkmenistanyň ady agzalan düzümlere nobatdaky gezek saýlanylmagy Bitarap döwletimize toplan tejribesini paýlaşmaga hem-de bilelikdäki teklipleri we çözgütleri işläp taýýarlamaga hem-de kabul etmäge gös-göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Sapa MAGTYMGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.