Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni pug­ta­lan­dyr­ma­gyň, mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­me­giň we ony döw­rüň ta­la­by­na, hal­ka­ra tej­ri­be­le­re hem-de hu­kuk ka­da­la­ry­na la­ýyk iş­jeň­leş­dir­me­giň ýo­lun­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ber­ka­rar ýur­du­my­zyň Mil­li Par­la­men­ti­niň hil taý­dan tä­ze iki pa­la­ta­ly gur­lu­şy­na geç­me­gi ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da mö­hüm ta­ry­hy wa­ka öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­timi­ziň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş ýö­rel­ge­sin­de be­ýan edi­len, bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ug­ru­nyň has ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň tas­syk­lan­ma­sy bol­dy.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Di­wa­ny­nyň bi­na­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da hor­mat­ly Pre­zidenti­miziň gat­naş­ma­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň tä­ze pa­la­ta­sy­nyň bi­rin­ji ça­gy­ry­ly­şy­nyň bi­rin­ji mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi, mil­li Li­de­ri­miziň Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­lan­ma­gy döw­let Baştutanymyzyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sa­ty hal­ky­my­zyň gol­da­ýan­dy­gy­nyň ýe­ne-de bir su­but­na­ma­sy bol­dy.
Kons­ti­tu­si­ýa­my­za gi­ri­zi­len üýt­get­me­le­re we goş­ma­ça­la­ra la­ýyk­lyk­da, «Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi ha­kyn­da» Ka­nun ka­bul edil­di. Şu Ka­nu­na la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz­da iki pa­la­ta­ly Par­la­ment dö­re­dil­di. Onuň dö­re­dil­me­gi döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dur­mu­şy­ny mun­dan beý­läk-de de­mok­ra­ti­ýa­laş­dyr­ma­ga, hu­kuk we dün­ýe­wi esas­la­ry­ny ber­kit­mä­ge, hä­zir­ki za­man şert­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Halk Mas­la­ha­ty döw­let gur­lu­şy ba­bat­da ýur­du­my­zyň hem-de dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ni, mil­li we umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jem­le­mek bi­len, de­mok­ra­tik, hu­kuk hem-de dün­ýe­wi döw­le­ti gur­ma­gyň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni özün­de bir­leş­dir­ýär.
Mil­li Ge­ňe­şiň iki pa­la­ta­ly ul­ga­my ýur­du­myz­da de­mok­ra­ti­ýa­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, il­kin­ji no­bat­da, adam­la­ryň ka­nu­ny hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­ga hyz­mat eder. Halk Mas­la­ha­ty­nyň je­mi 5 ko­mi­te­ti bo­lup, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz onuň işi­niň esa­sy ug­ru­nyň ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bi­len bag­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Mu­nuň üçin mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi ös­dür­me­giň stra­te­gik ugur­la­ry kes­git­len­di. Se­na­ga­ty ös­dür­mek, iş­jeň ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­ny alyp bar­mak, býu­jet, sal­gyt, bank ul­gam­la­ry­ny yzy­gi­der­li döw­re­bap­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, kä­mil ka­nun­la­ryň ka­bul edil­me­gi eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­niň ösen döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da­ky ab­ra­ýy­ny art­dy­rar. Gel­jek­de Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan, hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny mun­dan beý­läk-de go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len tä­ze kon­sep­si­ýa­lar, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de dur­mu­şy­myz has-da gül­läp öser.
Her bir baş­lan­gy­jyn­da hal­kyň, äh­li adam­za­dyň bäh­bi­din­den ugur al­ýan Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Röw­şen KET­JA­LOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.