Mälim bolşy ýaly, aprel aýynyň 14-ine paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň açylyş dabarasy boldy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. 28-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu saýlawlar ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlananlaryň 27 göteriminiň zenanlar bolmagy ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer durmuşyna işjeň gatnaşýandygynyň, döwletimizde zenanlaryň hukuklaryny giňeltmekde uly işleriň geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere deň hukukly gatnaşmagyna ýardam berýän işjeň gender syýasaty alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýöredilýän bu gender syýasaty zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna deň hukukly gatnaşmagyny kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda zenanlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi we olaryň erkekler bilen deňhukuklylygyny üpjün etmek boýunça amatly şertleriň döredilmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz – Belent maksatlarymyzy amala aşyrmakda, eziz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuş binýadyny pugtalandyrmakda, beýik ýeňişleri gazanmakda, milli ýörelgelerimiziň esasynda nesillere döwrebap terbiýe bermekde yhlasly, işeňňir, başarjaň zenanlarymyzyň uly goşandy bardyr. Gelin-gyzlarymyz kabul eden döwlet maksatnamalarymyzy üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda döwlet düzümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap önümçilik senagat toplumlarynda döredijilikli zähmet çekýärler –diýip belleýär.
Türkmen sportunyň ösmeginde zenan türgenlerimiziň goşandynyň bolmagy, olaryň uly ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaklary ýurdumyzyň taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Bu günki gün türkmen zenan türgenleri dünýä derejesindäki halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, Watanymyzyň baýdagyny belentde parladýarlar. Türkmen zenanlarynyň sport äleminde gazanan üstünlikleri türkmen sportunyň ösüşi bilen birlikde ýurdumyzda gender deňliginiň gazanylýandygyny görkezýär.
Türkmen zenanlary ýokary döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynda, ylym, bilim, medeniýet we sungat, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda mynasyp orun eýeleýärler, öz işlerini giňişleýin we işjeň ýaýbaňlandyrýarlar.
Merjen Amanowa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.