Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy hem-de öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanýar. Ýurdumyzda öndürilip, daşary ýurt bazarlaryna iberilýän önümleriň möçberi yzygiderli ýokarlandyrylýar.
Ýurdumyzda eksport harytlarynyň we önümleriniň iň bir ösen innowasion tehnologiýalarda ýokary hilli, şeýle hem görnüşi taýdan köpdürli öndürilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Ýurdumyz sebitde we yklymlarda ulag-logistika merkezine öwrülmek bilen, söwda-ykdysady we senagat taýdan öz ornuny has-da berkidýär.
Ýurdumyzyň telekeçileriniň ösen bazar isleginden ugur alyp, ýokary hilli önümleri öndürmegi harytlara bolan islegi artdyrýar we olar halkara bazarlarynda ymykly orun alýarlar. Bu bolsa kärhanalara ösen innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesidir.
Oba hojalygynda önümleriň önümçiligi ep-esli ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda gök önüm öndürmekde oňyn netijeler gazanylýar, türkmen oba hojalykçylary miweleriň hem-de ir-iýmişleriň köp möçberini öndürýärler. Bu pudakdaky oňyn ösüşler oba hojalyk işewürliginiň ösüşiniň ýokary derejesini görkezýär. Oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň sanyny köpeltmäge gönükdirilen dürli döwlet maksatnamalary pudagyň ösüşine täze itergi berdi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hususy oba hojalyk öndürijileriniň başlangyjyny höweslendirýär, maddy-tehniki, maliýe we maslahat beriş kömegini berýär. TSTB-iň hünärmenleriniň goldawy bilen ýurtda iri ýyladyşhanalaryň, agrosenagat toplumlarynyň we fermalaryň taslamalary işlenip düzülýär.
Oba hojalyk işewürliginde, gök önümleriň, miweleri we iýmişleri ýurduň raýatlaryna has elýeterli edilmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Azyk senagatynyň kuwwatynyň ösdürilmegi ýerli önümleriň görnüşleriniň köpelmegine ýardam edýär. Häzirki wagtda ýerli azyk önümleri dünýä hil standartlaryna laýyklykda öndürilýändigi sebäpli, import edilýän meňzeş önümler bilen ynamly bäsleşýär. Muňa döwletiň oýlanyşykly goldawy, ýagny agrosenagat toplumynyň senagatlaşmagyna edilen maýa goýumlary kömek etdi.
Türkmen işewürligi dürli pudaklarda önümçiligi yzygiderli ýokarlandyrmagy dowam etdirýär. Bu diňe bir mümkinçilikleriň giňelmegi bilen çäklenmän, eýsem, olaryň tehnologiýa düzüminiň kämilleşdirilmegi bilen ýeňilleşdirilýär. Senagat önümçiligiň ösmeginde dürli hilli önümleriň öndürilmegi mysal bolup durýar. Bu ugurda iň üstünlikli kärhanalaryň arasynda plastmassa we süýümli aýnadan turbalary öndürijiler hem bardyr. Hususy pudakda egin-eşik we trikotaž önümçiligi hem giňden ýola goýulýar.
Dürli önümçilikleriň döredilmegi öz nobatynda täze iş orunlarynyň hem döredilmegine mümkinçilik berýär. Bu hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini pajarlap ösdürýän, bagtyýar halkymyzy parahatçylykda ýaşadýan we baky bagtyýar geljege ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny, ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Atabaý MOMMYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.