Dün­ýä­niň iň köp ilat­ly ýur­dy ha­sap­lan­ýan Hy­taý­yň ilaty 2020-nji ýyl­da 0,83 gö­te­rim art­dy.
Umu­man, ýur­duň ila­ty­nyň sa­ny 1 mil­liard 411 mil­li­on 780 mü­ňe ýet­di. Ol hem 2020-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 72,06 mil­li­on köp­dür. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň Döw­let sta­tis­ti­ka eda­ra­sy ha­bar ber­ýär. 2019-njy ýyl­da ýur­duň ila­ty­nyň sa­ny 1,40005 mil­liard ada­ma deň bol­dy.
Sta­tis­ti­ka eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, Hy­taý­da 723,34 mil­li­on er­kek adam, 688,44 mil­li­on ze­nan maş­ga­la ýa­şa­ýar. Ila­tyň 63,35 gö­te­ri­mi 15 bi­len 59 ýaş ara­ly­gyn­daky adam­lar bo­lup, 18,7 gö­te­ri­mi 60 ýaş­dan ýo­ka­ry­­dyr. 14 ýa­şa çen­li ra­ýat­la­ryň umu­my ila­tyň sa­nyn­da­ky pa­ýy bol­sa 17,95 gö­te­ri­me deň­dir.

Ju­ma­mu­rad MEŇ­LI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.