Golaýda tehnologiýa kompaniýalary smartfon satuwy baradaky maglumatlaryny ýaýradypdylar. Indi bolsa «Canalys» kompaniýasy Ýewropada telefon satuwy baradaky maglumatlary ýaýratdy. Maglumatda «Samsung» kompaniýasynyň birinjiligini saklap galandygy bellenilýär. Koreý brendi bazar paýynyň 35 göterimini eýeleýär. Ýagny täze smartfon satyn alan her üç ýewropalydan biri «Samsung»-y saýlapdyr. Satuwyny 85 göterim artdyran «Xiaomi» Ýewropada smartfon bazarynyň 23 göterimini eýeläpdir. Şeýlelikde, «Xiaomi» kompaniýasy Ýewropada smartfon satuwynda ikinji orna çykyp, «Apple»-den ozdurdy. Smartfon satuwy 22 göterim ýokarlanan «Apple» bazaryň 19 göterimini alypdyr. Beýleki hytaý brendi bolan «Oppo»-nyň satuwy hem 153 göterim ýokarlandy. Muňa garamazdan, bazaryň bary-ýogy 4 göterimini eýeleýär.
Aýsolmaz AKMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.