Uzak, asuda ýaşamagyň ilkinji syry bagtly bolmakdyr. Bagt oňyn pikirleri, durmuşa bolan garaýşy güýçlendirýär. Bu bolsa sagdyn durmuşy we şatlykly ýyllary kepillendirýär. Bagt aslynda pikir edişiňiz ýaly daşda däl! ABŞ-nyň Ýel uniwersitetiniň professory Lori Santosyň bagt ýoly barada bäş teklibi bar. Professor birnäçe ýyldan bäri talyplara «Psihologiýa we bagtly durmuş» dersi boýunça sapak berýär. Alymyň bu ugurda birnäçe kitaby we geçiren işleri bar. Professoryň sapagyna talyplaryň we diňleýjileriň höwesi uly. Lori Santos bagtyň öz-özünden gelmeýändigine, ony gazanmak üçin göreşmelidigine ünsi çekýär. Santos: «Öwrenmek, ösdürmek we üstünlik gazanmak üçin yzygiderli işleýän sazandalar we türgenler ýaly, siz hem bagtly bolmak üçin türgenleşmeli» diýip belleýär. Santos bagtyň öz-özünden gelip bilmejekdigini, ony amal etmegiň zerurdygyny aýdýar. Alymyň bagtly bolmak üçin salgy beren bäş ýoly şular:
Minnetdarlyk sanawy
Santos talyplaryna bir hepdäniň dowamynda her gije özüne edilen ýagşylyklaryň sanawyny düzmegi we oňa minnetdarlyklaryny ýazmagy tabşyrýar. Bu gaty ýönekeý pikir ýaly bolup görünmegi mümkin, ýöne bu amallary yzygiderli ýerine ýetirýän diňleýjileriň has bagtlydygyny görmek bolýar.
Rahat uky
Bir hepdäniň dowamynda her gije sekiz sagat uklaň! Santos munuň iň kyn maşklaryň biridigini aýdýar. Has uzyn we has gowy uky gaýgy-aladany azaldýar.
Pikirleniň!
Günde 10 minut pikirleniň! Yzygiderli oýlanmak özüňi has gowy duýmaga ýardam edýär.
Ýakynlaryňa wagt sarp ediň!
Santos maşgalasy we dostlary bilen wagtyny hoş geçirýän adamlaryň hakykatdan hem bagtlydygyny aýdýar. Söýýän adamlaryňyz bilen wagt geçirmek ýa-da psihologiýada atlandyrylyşy ýaly «sagdyn şahsy gatnaşyklar we jemgyýetçilik baglanyşyklary» beden we akyl saglygyna oňyn täsir edýär. Alym «her bir pursady gowy ýaşamak we kimdir biri bilen nähili wagt geçirýändigiňize düşünmek ýeterlik» diýýär.
Lezzet alýan işleriňizi ediň!
Ýönekeý ýaly eşidilse-de, bu maslahat durmuşyň iň möhüm meseleleriniň biridir. Bagtly bolmak üçin halaýan işiňi etmeli we göwnüňe ýaraýan güýmenjelere wagt sarp etmeli. Başga adamlaryň siz hakynda näme pikir edýändiginiň ýa-da näme görýändiginiň o diýen ähmiýeti ýok. Sizi belli bir galypda goýmak isleýän adamlary synlasaňyz, hakykatdan hem size garşy egoist çemeleşýändigine göz ýetirersiňiz. Ilki bilen içki sesiňizi diňleseňiz, şol wagt özüňizi erkin duýup, bagtly saýarsyňyz!
Bagtly ýaşaň!