Angliýanyň FA Kubogynyň finalynda “Lester Siti” bilen “Çelsi” duşuşdy. “Wembley”-da oýnalan final çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Esasan hem “Lesteriň” derwezeçisi Kasper Şmeýhel birnäçe amatly pursatda derwezesini goldan goramagy başardy. Netijede, Ýuri Tilemansyň 63-nji minutda uzakdan geçiren owadan goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazanan “Lester Siti” 137 ýyllyk taryhynda ilkinji gezek FA Kubogyny eýeledi. Mundan öň 4 gezek finalda utulan “Lester Siti” 150 ýyllyk taryhy bolan FA Kubogy ýaryşynda ýeňiş gazanan 44-nji klub hökmünde hasaba alyndy.

8 gezek kubogy eýelän “Çelsi” bolsa, 7-nji ýola finalda utuldy. Londondaky “Wembley” stadionynda oýnalan finala 21 müň janköýer tomaşa etdi. Şeýle-de, tutuş ýurtda bu oýna teleýaýlym arkaly 9,1 million futbol muşdagy tomaşa etdi we bu möwsümdäki iň ýokary görkeziji boldy.