Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyryndaky 10 duşuşygyny-da ýeňiş bilen tamamlan Italiýanyň milli ýygyndysyny düzümi mälim edildi. Golaýda şertnamasy 2026-njy ýyla çenli uzaldylan tälimçi Roberto Mançini 33 oýunçydan ybarat giňeldilen düzümi habar berdi. 56 ýaşyndaky tälimçi düzüme “Çelside” oýnaýan ozal ýygyndyda telim gezek çykyş eden Emerson, Žoržinio, Romadan Stefan El Şaarawi, “Milanyň” kapitany Alessio Romanýoli ýaly oýunçylary çagyrmady. Çagyrylan futbolçylaryň hatarynda Jorjio Kiellini, Leonardo Bonuççi ýaly tejribeli goragçylar, PSŽ-den Florenzi, Weratti, Moýza Ken, şol sanda Immobile, Kieza, Berardi ýaly futbolçylar bar. Tälimçi 1-nji iýunda sanawy 26 futbolça düşürer.

DERWEZEÇILER: Salwatore Sirigu, Janluiji Donnarumma, Alessio Kranýo, Aleks Meret

GORAGÇYLAR: Jorjio Kiellini, Leonardo Bonuççi, Alessandro Florenzi, Françesko Açerbi, Leonardo Spinazzola, Kristiano Biragi, Jowanni Di Lorenzo, Janluka Mançini, Alessandro Bastoni, Manuel Lazzari, Rafael Toloi

ÝARYMGORAGÇYLAR: Marko Weratti, Nikolo Barella, Lorenzo Pellegrini, Braýan Kristante, Manuel Lokatelli, Stefano Sensi, Matteo Pessina, Gaetano Kastrowilli

HÜJÜMÇILER: Çiro Immobile, Lorenzo Insinýe, Andrea Belotti, Federiko Bernardeski, Federiko Kieza, Domeniko Berardi, Moýza Ken, Winçenzo Grifo, Matteo Politano, Jakomo Raspadori