Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Adatça, haýsydyr bir zady bilesimiz gelse, ony bilýändir öýdýän adamymyzdan soraýarys. Emma köp zady internetden hem sorap öwrenip bolýar. Bu bolsa, internetden peýdalanylyşy artdyrýar. Eýsem, bir günüň dowamynda internet dünýäsinde nämeler bolup geçýärkä?!

Günde 500 milliondan gowrak twit ýazylýar

294 milliard elektron poçta iberilýär

65 milliarddan gowrak “WhatsApp” habary ýazylýar

“YouTube” -a 720 müň sany wideo ýüklenýär  

“YouTube”-da 1 milliard sagatdan gowrak wideo tomaşa edilýär

Ulanyjyaryň 70 göterimden gowragy “YouTube”-a mobil enjamlary arkaly tomaşa edýär

“Instagram”-da 95 milliondan gowrak surat we wideo paýlaşylýar

Bularyň ählisini jemlänimizde bolsa ulanyjylar bir ýylda 59 zetabaýt möçberinde internet “sarp edýär”. Eýsem zetabaýtyň möçberi nähiliräkka?! Bir zetabaýt 8,000,000,000,000,000,000,000,000 bite barabar. Bu sany okamak kynrak bolsa gerek. Geliň, onda ony has ýönekeý mysal bilen düşündiriliň! Bir zetabaýt, bir trillion gigabaýta barabar. Ýagny ulanyjylar her ýylda 59 trillion gigabaýtlyk maglumata seredýär.