Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­ny açyp, Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de oba ho­ja­ly­gy­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn çä­re­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Döw­le­ti­miz oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl al­mak üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­red­ýär. Daý­han­lar ýo­ka­ry hil­li to­hum­lar, mi­ne­ral dö­kün­ler, hi­mi­ki se­riş­de­ler, döw­re­bap oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry we su­wa­ryş su­wy bi­len do­ly üp­jün edil­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, top­lum­la­ýyn iş­le­riň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi­ni bel­le­di. Eder­men gal­la­çy­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de, şu ýyl ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da bug­da­ýyň bol ha­sy­ly ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­di. Gal­la ora­gy möw­sü­mi­niň ýa­kyn­la­şyp gel­ýän­di­gi­ni na­za­ra alyp, gal­la­çy daý­han­la­ry­my­zyň möw­sü­mi gys­ga möh­let­ler­de ta­mam­la­ma­gy üçin ze­rur ta­gal­la­lar edil­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Gal­la ha­sy­ly­ny ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak, hal­ky­my­zy azyk önüm­le­ri bi­len do­ly üp­jün et­mek üçin azyk bol­çu­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mö­hüm­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ahal, Le­bap, Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da 4-nji iýun­da, Bal­kan we Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da bol­sa 11-nji iýun­da gal­la ora­gy­na gi­riş­mä­ge ak pa­ta ber­di. Asyl­ly dä­be gö­rä, ýur­du­my­zyň hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ry gal­la ora­gy­na «Bis­mil­la» di­ýip, baş­lap be­rer­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz zäh­met­sö­ýer gal­la­çy­la­ra we äh­li oba zäh­met­keş­le­ri­ne berk jan sag­lyk, aba­dan, bagt­ly dur­muş hem-de tä­ze zäh­met ýe­ňiş­le­ri­ni ar­zuw et­di. Şeý­le hem milli Liderimiz daý­han­la­ryň sa­ha­wat­ly top­rak­dan bol ha­syl al­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bi­ne ge­çip, il­ki bi­len, Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gur­ba­no­wa söz ber­di. Ol şu ýy­lyň bäş aýyn­da we­la­ýat­da al­nyp bar­lan iş­le­riň ne­ti­je­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýa­kyn­la­şyp gel­ýän gal­la ora­gy möw­sü­mi­ne hä­zir­ki za­man kom­baýn­la­ry­nyň we beý­le­ki ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ryň, gal­la ka­bul ed­ýän bö­lüm­le­riň taý­ýar­ly­gy­nyň de­re­je­si ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Şeý­le hem go­wa­ça ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şeý­le hem hä­kim Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri öz wag­tyn­da ber­jaý et­mek ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýe­tiş­di­ri­len gal­la ha­sy­ly­ny gys­ga möh­let­ler­de we ýit­gi­siz ýyg­nap al­mak mak­sa­dy bi­len, orak möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­me­giň anyk me­ýil­na­ma­sy­nyň dü­zül­me­li­di­gi­ni, möw­süm­de iş­le­dil­jek kom­baýn­la­ryň we ýük aw­tou­lag­la­ry­nyň ze­rur bo­lan möç­ber­le­ri­niň kes­git­le­nil­me­li­di­gi­ni bel­le­di.
Orak möw­sü­min­de iş­le­ýän­le­riň ýo­ka­ry zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni üp­jün et­mek, ola­ryň göw­ne­jaý dynç al­şy­ny ýo­la goý­mak üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­dil­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz tab­şyr­dy.
Go­wa­ça edil­ýän ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk hem-de ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­ly­dyr di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bel­le­di we bu ba­bat­da hä­ki­me bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýew ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri, gal­la ora­gy­na taý­ýar­ly­gyň de­re­je­si, aý­ra­tyn-da, orak möw­sü­min­de iş­le­dil­jek oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­nyň, en­jam­la­ryň bök­denç­siz işi­ni ýo­la goý­mak, ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň işi­ni ta­la­ba­la­ýyk gu­ra­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da go­wa­ça ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk ýag­daý­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la­nyň bol ha­sy­ly­nyň ýe­tiş­di­ril­me­gi­niň ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­me­giň mö­hüm şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, orak möw­sü­mi­ni bel­le­ni­len möh­let­ler­de we ýo­ka­ry ne­ti­je­ler bi­len jem­le­mek wa­jyp­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la kom­baýn­la­ry­nyň we beý­le­ki teh­ni­ka­la­ryň öz wag­tyn­da hem-de ýo­ka­ry hil­li taý­ýar­lan­ma­gy­nyň möw­sü­miň üs­tün­lik­li jem­len­me­gi­niň mö­hüm şer­ti­di­gi­ne ün­si çe­kip, de­giş­li iş şert­le­ri­niň hem-de ola­ra me­de­ni hyz­mat­la­ryň üp­jün edil­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bu ug­ra da­hyl­ly gul­luk­la­ryň saz­la­şyk­ly işi­niň üp­jün edi­li­şi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­mak ba­bat­da hä­ki­me anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­ty Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi N.Na­zar­my­ra­do­wyň ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di. Hä­kim şu ýy­lyň ýan­war-maý aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri hem-de öň­de bol­jak gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­kim eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da al­nyp ba­ryl­ýan ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy­na gu­ra­ma­çy­lyk­ly gi­riş­me­gi, oňa de­giş­li dü­züm­le­riň we äh­li bö­lüm­le­riň saz­la­şyk­ly işi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz gal­la kom­baýn­la­ry­ny we beý­le­ki oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­si­ne äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di hem-de oba zäh­met­keş­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­lik­li işi üçin äh­li ze­rur şert­le­ri üp­jün et­mek ba­bat­da hä­ki­me anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Go­wa­ça we beý­le­ki ekin­le­re ideg iş­le­ri yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk gel­me­li­dir di­ýip, hormatly Prezidentimiz aýt­dy hem-de hä­ki­me bu ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
San­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­ty Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ş.Aman­gel­di­ýe­wiň ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di. Ol bäş aýyň jem­le­ri, gal­la ora­gy­na gi­riş­mek bo­ýun­ça gör­len top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk iş­le­ri, gal­la kom­baýn­la­ry­nyň, ýük ulag­la­ry­nyň, gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri­niň taý­ýar­lyk iş­le­ri we beý­le­ki möw­süm­le­ýin iş­ler, şol san­da go­wa­ça edil­ýän ideg ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem ha­sa­bat­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de we­la­ýat­da al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, gal­la kom­baýn­la­ry­ny we beý­le­ki ýö­ri­te teh­ni­ka­la­ry ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, daý­han­la­ryň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­ti we oňaý­ly dynç al­şy üçin ze­rur şert­le­ri üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Bu mö­hüm oba ho­ja­lyk möw­sü­mi­ni gu­ra­mak­da bol ha­syl al­mak, ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly äh­li me­se­le­le­riň wa­jyp­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýer­ler­de ze­rur çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin de­giş­li ta­gal­la­la­ry et­mek ba­bat­da hä­ki­me anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Soň­ra Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew se­bit­de şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ne­ti­je­le­ri, Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi, oba ho­ja­lyk möw­sü­mi, şeý­le hem go­wa­ça­la­ra edil­ýän ideg iş­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Gal­la ora­gy möw­sü­mi­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri­ne mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gal­la oru­jy kom­baýn­lar, ýük aw­tou­lag­la­ry, gal­la ka­bul ediş bö­lüm­le­ri möw­sü­me do­ly taý­ýar edil­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, gal­la ora­gy döw­rün­de äh­li iş­le­riň bök­denç­siz­li­gi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çe­kip, möw­süm­le­ýin ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň bel­le­ni­len möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz meý­dan iş­le­ri­ni alyp bar­ma­ga yl­my taý­dan çe­me­leş­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, go­wa­ça­ hem-de we­la­ýa­tyň eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän beý­le­ki ekin­le­re ideg et­mek bo­ýun­ça ag­ro­teh­ni­ki çä­re­le­riň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li­di­gi ba­ra­da hä­ki­me anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýew gö­zeg­çi­lik ed­ýän oba ho­ja­lyk top­lu­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Öň­de bol­jak gal­la ora­gy­ny gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, go­wa­ça de­giş­li de­re­je­de ideg et­mek bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar be­ril­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, wa­jyp oba ho­ja­lyk möw­süm­le­ri­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň berk gö­zeg­çi­lik­de sak­lan­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny bel­läp, bu iş­le­re yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan çe­me­leş­me­le­riň, oba­se­na­gat top­lu­my­nyň dü­züm­le­ri­ne dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­ma­gyň we ola­ry ýer­li tej­ri­be­ler bi­len ut­gaş­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny aýt­dy.
Şol bir wag­tyň özün­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýe­riň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň işi­ne nä­gi­le­lik­le­ri bil­dir­di. Ola­ryň iş­le­rin­de bir­nä­çe kem­çi­lik­ler bar. Hu­su­san-da, ýer­ler­de Oba mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek iş­le­ri ha­ýal al­nyp ba­ryl­ýar, bel­le­ni­len me­ýil­na­ma­la­ry ber­jaý et­mek, oba zäh­met­keş­le­ri­niň we ýer eýe­le­ri­niň ön­dü­ri­ji­lik­li zäh­me­ti üçin has amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne ýe­ter­lik üns be­ril­me­ýär di­ýip, hor­matly Prezi­den­ti­miz bel­le­di hem-de bu iş­le­ri de­giş­li de­re­je­de gu­ra­mak bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz öň­de örän mö­hüm möw­süm bo­lan gal­la ora­gy­nyň bar­dy­gy­ny, daý­han­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ýe­tiş­di­ri­len gal­la ha­sy­ly­nyň gys­ga möh­let­ler­de we soň­ky dä­ne­si­ne çen­li ýit­gi­siz ýyg­na­lyp alyn­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di hem-de bu ba­bat­da de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, to­mus pas­ly­nyň ys­sy gün­le­rin­de ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tutanymyz oba­lar­da, ekin meý­dan­la­ryn­da hem-de köp­çü­lik ýer­le­rin­de ýan­gyn howp­suz­ly­gy­nyň düz­gün­le­ri­niň ber­jaý edi­li­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy. Şeý­le hem dür­li mak­sat­ly bi­na­lar­da ýan­gyn öçü­ri­ji en­jam­la­ryň, suw how­dan­la­ry­nyň we beý­le­ki ze­rur se­riş­de­le­riň üp­jün­çi­li­gi sel­je­ri­lip du­rul­ma­ly­dyr.
Jaý­la­ry sal­kyn­la­dy­jy en­jam­la­ryň ula­ny­ly­şy­nyň art­ýan­dy­gy­ny na­za­ra alyp, ener­gi­ýa­nyň harç­la­ny­şy­na gö­zeg­çi­lik ýo­la go­ýul­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di we kö­çe­ler­dä­ki yşyk­lar­da, mag­lu­mat tab­lo­la­ryn­da ula­nyl­ýan ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni tyg­şyt­la­mak me­se­le­le­ri­ne se­ret­me­gi ta­lap et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ril­ýän iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­nyň, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň mun­dan beý­läk-de gül­läp ös­me­gi­niň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.