Ösen teh­no­lo­gi­ýa üç öl­çeg­li su­ra­tyň has-da kä­mil­leş­me­gi­ne ge­tir­ýär. In­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri ýö­ri­te äý­nek­ler ar­ka­ly üç öl­çeg­li film­le­re to­ma­şa edil­ýär. Bu teh­no­lo­gi­ýa to­ma­şa­ça özü­ni wa­ka­nyň jüm­mü­şin­de ýa­ly duý­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Soň­ky ýyl­lar­da bu teh­no­lo­gi­ýa komp­ýu­ter oýun­la­ryn­da hem ula­nyl­ýar. In­di bol­sa üç öl­çeg­li su­rat teh­no­lo­gi­ýa­sy ma­ha­bat pu­da­gyn­da ula­ny­lyp baş­lan­dy. Hy­ta­ýyň iri şä­her­le­rin­de üç öl­çeg­li ma­ha­bat tab­lo­la­ry ýer­leş­di­ril­di. Bu tab­lo­lar su­rat­la­ry ha­ky­ka­ta has ýa­kyn edip gör­kez­ýär. Şeý­le ma­ha­bat­lar paý­tagt Pe­kin bi­len bir ha­tar­da Çun­sin, Çen­du we Guanç­žou ýa­ly köp ilat­ly şä­her­ler­de uly bi­na­la­ryň di­war­la­ry­ny be­ze­ýär. Üç öl­çeg­li şe­kil­le­ri gör­mek üçin bol­sa äý­nek da­kyn­ma­ga ze­rur­lyk ýok. Bu ja­dy­laý­jy şe­kil­ler has köp üns çek­ýär. Ýurt­da teh­no­lo­gi­ýa­nyň kä­mil­leş­di­ril­ýän se­bit­le­ri­niň bi­ri ha­sap­lan­ýan Şenç­žen şä­he­rin­de hem üç öl­çeg­li şe­kil­ler kö­pel­ýär. Bu şe­kil­ler eme­li aň we 5G teh­no­lo­gi­ýa­sy ar­ka­ly taý­ýar­lan­yp, ma­ha­bat tab­lo­la­ry bi­len bir ha­tar­da söw­da-dynç alyş mer­kez­le­rin­de, ki­no­teatr­lar­da we mu­zeý­ler­de hem dür­li mak­sat­lar bi­len ula­nyl­ýar. Hü­när­men­ler teh­no­lo­gi­ýa bi­len sun­ga­ty bir­leş­dir­mek ar­ka­ly to­ma­şa­çy­la­ra ýat­dan çyk­ma­jak tä­sir­li pur­sat­la­ry hö­dür­le­ýär­ler. Bi­ler­men­le­riň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, bu teh­no­lo­gi­ýa «akyl­ly» şä­her­le­riň art­ma­gy bi­len has hem ýaý­baň­la­nar.

Öwez­my­rat Bä­şi­mow,
«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň Po­li­teh­ni­ki or­ta hü­när okuw
mek­de­bi­niň mu­gal­ly­my.